Bill Geýts koronawirus pandemiýasynyň tamamlanjak möhletini çaklady

  • 09.08.2020 01:51
  • 30k+

Microsoft kompaniýasyny esaslandyryjy Bill Geýts koronawirus pandemiýasynyň tamamlanjak möhletini çaklady. Ol bu ýagdaý uzakda däl diýip hasaplaýar. Geýts “Wired” neşiriniň žurnalistleri bilen söhbetdeş boldy. Ol COVID-19-y anyklamakda, terapiýada we wirusa garşy sanjymy taýýarlamakda öňegidişligiň bardygyny aýdýar. Bu barada ferra.ru habar berýär.

“Bu maňa dünýäniň «baý» toparynyň pandemiýadan 2021-nji ýylyň ahyryna çenli, tutuş dünýäniň bolsa, umuman, 2022-nji ýylyň ahyryna çenli dynar diýip pikir etmäge mejbur edýär” – diýip, Geýts belleýär. Şeýle tapawudy ol, ilkinji nobatda, sanjymlaryň arzan we tutuş dünýä üçin önümçiliginiň hem-de gerimini giňeltmegiň kyndygy sebäpli ýaýradylmasynyň ýeňil bolmajakdygy bilen düşündirýär. Sanjymyň, hakykatdan hem, häzirki maglumatlar boýunça, keseliň öňüni almaga kömek edýändigine garamazdan, şonuň bilen bagly ýene-de birnäçe soraglar çözülmän galýar: gorag näçe wagt dowam eder, ol garry adamlar üçin nähili derejede täsirli we goşmaça nähili täsirler bolup biler diýip, Geýts aýdýar.

Şeýle-de, Geýts käbir ýurtlarda gözegçilik ediji döwlet edaralary tarapyndan doly derejede barlagdan we makullamak işinden geçmedik koronawirusa garşy sanjymyň adamlara goýberiljekdigini hem belledi. Onuň pikiriçe, hakykatda sanjymyň howpsuz bolmadyk ýa-da netijesiz görnüşi makullanylyp bilner.

“Hytaý we Russiýa ynamly öňe barýarlar. Men dünýäniň haýsydyr bir ýerinde doly derejede barlagdan geçmän näsaglara goýberiljek sanjymyň boljakdygyna ynanýaryn. Bize goşmaça täsirleri öwrenmek üçin hiç zada, synaglaryň üçünji tapgyryna-da garamazdan, ýene-de üç ýa-da dört aý gerek” – diýip, Geýts belleýär.

11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.7k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.6k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......