SpaceX Pentagon bilen $316 millionlyk şertnama baglanyşdy

  • 09.08.2020 01:14
  • 4.2k+

SpaceX kosmiki tehnikanyň amerikan öndürijisi ABŞ-nyň goranmak ministrliginden $316 million möçberli şertnamany kabul etdi. Bu pul 2022-2027-nji ýyllardaky harby uçuşlara sarp ediler. Bu barada “CNN Business” neşiri ýazýar. Muny iz.ru ýetirýär.

Şeýle-de ýaragly güýçler üçin kosmiki uçuşlar bilen bagly şertnamany United Launch Alliance kosmiki kärhanasy hem kabul etdi. ULA bilen ylalaşyk bu döwürde $337 milliona barabar bolar. ABŞ-nyň goranmak ministrligi şertnama boýunça goýberiljek enjamlaryň sanyny anyklaşdyrmaýar. Olar Kanaweral (Florida ştaty) we Wandenberg (Kaliforniýa ştaty) burunlaryndaky kosmodromdan goýberler.
ULA-nyň 2027-nji ýyla çenli uçurylmagy meýilleşdirilýän milli howpsuzlygyň ähli hemralarynyň 60%-ini üpjün etjekdigi bellenilýär. SpaceX bolsa galan 40% hemranyň üstünde işlär. Neşir SpaceX bilen ULA-nyň eýýäm birnäçe ýyl bäri milli howpsuzlygy üpjün etmek üçin amala aşyrylýan uçuşlara gatnaşykda duopoliýany saklaýandyklaryny belleýär.
United Launch Alliance – Boeing bilen Lockheed Martin korporasiýalarynyň bilelikdäki kärhanasy. SpaceX kompaniýasyny bolsa telekeçi Ilon Mask 2002-nji ýylda esaslandyrdy.

29.05.2026 23:56
5.8k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
9.7k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.6k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

23.05.2026 15:57
7.6k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....