Awtoulagyň klimat-kontrolyny nädip dogry ulanmaly?

  • 09.08.2020 13:12
  • 24k+

Howa gözegçilikli (klimat-kontrolly) awtoulag satyn alýan adamlar, köplenç, onuň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmaýarlar. Bu mümkinçilikler barada "Awtorewýu" žurnalynyň baş redaktory Leonid Golowanow Sputnik radiosyna beren interwýusynda aýtdy. Bu barada Ria Nowosti belleýär.

Yssy howada awtoulagyň içini sowatman oňup bolmaýar. Leonid Golowanow häzirki zaman awtoulaglarynda köplenç elde dolandyrylýan kondisionerleriň däl-de, howanyň awtomatiki dolandyryş ulgamlarynyň - klimat-kontrolyň ulanylýandygyny aýtdy. Awtoulag hünärmeni klimat-kontrolyň her awtoulagda dürlüçe işleýändigini duýdurdy.

"Mysal üçin, awtoulagda iki fazaly ýa-da köp zolakly klimat-kontrol bolup biler. Muny anyklamak juda aňsat - sürüji üçin 17 dereje, ýolagçy üçin 23 dereje temperaturany bellemeli, soňra ugramaly we barlamaly - temperatura tapawudy barmy ýa-da ýok. Klimat-kontrol ulgamy Ýewropa markalarynda ýapon ýa-da koreý markalaryndakydan has gowy işleýär. Ýöne käbir kadadan çykmalar hem bolup bilýär"- diýip, Leonid Golowanow belleýär.

Klimat-kontrol ulgamynyň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin awtomatiki režimi açmaly.

"Klimat-kontrolly awtoulagda edilmeli ilkinji zat - "awto" düwmesini işletmeli we diňe zerur temperaturany görkezmek bilen, hiç zada degmezden oňmaga çalyşmaly. Gowy klimat-kontrolly awtoulagyň içi sowuk hem, yssy hem, dymyk hem bolmaly däl, hemme zady onuň özi sazlamaly "- diýip, Golowanow Sputnik radiosyna gürrüň berdi.

Awtoulag hünärmeni köp awtoulag höwesjeňleriniň näme üçin ýelpewajyň (wentilýatoryň) tizligini we howa paýlanyşyny el bilen sazlamagy dowam etdirýändigini düşündirdi:

"Bu iki sebäbe görä bolup biler. Ýa-ha klimat-kontrolyň işleýşi hakykatdan hem ýaramaz we awtomatlaşdyryş ähli zerur ýagdaýlary özleşdirmeýär, ýa-da adam näme satyn alandygyny bilenok we awtomatizasiýa ynanmaýar".

Şeýle hem okap bilersiňiz:

22.06.2026 14:34
2.6k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.8k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.4k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....