Aşgabadyň kärhanalary bir gezeklik lukmançylyk agyz-burun örtükleriniň önümçiligine başlamaga taýýarlanýar

  • 07.08.2020 15:46
  • 28k+

Aşgabadyň lukmançylyk pamygyny we kosmetiki pamyk önümlerini öndürýän kärhanalary bir gezek ulanylýan lukmançylyk agyz-burun örtüklerini öndürmek boýunça awtomatiki ugry işe girizýär. Dem alyş gorag serişdesini öndürmek üçin çig mal hökmünde ýurdumyzyň içinde öndürilýän dokalmadyk material ulanylar. Kärhanada gurlan doly awtomatiki aýlawly enjamlar minutda ýüz töweregi önüm öndürmäge ukyplydyr. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary hem şahsy dem alyş gorag enjamlaryny öndürýärler. Ýurduň iň baýry kärhanasy bolan Aşgabadyň "Bahar" tikinçilik kärhanasynda nah matalardan köp gezeklik agyz-burun örtüklerini öndürmek ýola goýuldy. Bu ýerde altmyşdan gowrak ýöriteleşdirilen enjam oturdylyp, olar her gün birnäçe müň şahsy gorag serişdesini öndürmäge mümkinçilik berýär.

şu gün 20:05
720

Türkmenistan Minsk şäherindäki kitap ýarmarkasynda milli pawilýonyny tanyşdyrdy

Türkmenistanyň ilçihanasy 17-nji martda açylan XXXIII Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasynda milli pawilýonyny tanyşdyrdy. Bu barada Orient habarlar agentligi habar berýär. Şu ýyl bu forum Belarusyň paýtagtynyň administratiw toplumynda geçirilýär we oňa 23 ýurtdan 500-e golaý gatnaşyjy ýygnandy...

şu gün 19:32
1k+

"Maňa edil şu wagt ölmek bolanok": "Alaň" filminiň jemleýji böleginiň tizeri çykaryldy

Warner Bros. studiýasy Deni Wilnýowyň režissýorlyk eden “Alaň: üçünji bölüm” filminiň tizer treýlerini çykardy. 2 minut 29 sekuntlyk treýleriň ilkinji görkezilişi Los-Anjelesdäki AMC kinoteatrynda geçirildi. Treýleriň görkezilişine Deni Wilnýow, Zendeýa, Hawýer Bardem we taslama goşulan täze aktýorlar Anýa Teýlor-Joý bilen Robert Pattinson dagy gatnaşdy...

şu gün 16:49
2.7k+

Kanadanyň tebigatynyň ajaýyp gözelligini görkezýän surat bäsleşigi geçirildi

Canadian Geographic žurnaly tarapyndan guralan Canadian Photos of the Year 2025 bäsleşiginiň emin agzalary her ýyl geçirilýän surat bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdiler. Bäsleşige Kanadanyň tebigat görnüşlerini, janly-jandaryny we seýrek duş gelýän tebigy hadysalaryny görkezýän suratlary kabul edilýär...

şu gün 16:48
3.4k+

Ilkinji uçuşynda kösenmez ýaly gaýnynyň torbasyna giýewsi QR-kodly hat ýelmedi

Hytaýyň Sian şäheriniň ýaşaýjysy Çžao Çen ömründe birinji gezek ýeke özi ýola çykýan gaýynenesine kömek etmegiň täsin usulyny oýlap tapdy. 60-dan geçen zenan sowatsyzlygynyň üstüne, Hytaýda iň giň ýaýran gepleşik dili bolan mandarin dilinde hem gepläp bilmeýärdi...