Noutbuklaryň hyzmat ediş möhletini nädip uzaltmaly

  • 06.08.2020 09:29
  • 7.6k+

Noutbuklaryň dogry ulanylmagy onuň işleýşine we hyzmat ediş möhletine täsir edýär diýlip, "Roskaçestwonyň" materiallarynda aýdylýar. Bu barada RIA NOWOSTI agentligi ýazýar.

"Çeýe diskiňize (umuman, noutbugyňyza) aýawly çemeleşseňiz, öte gyzdyrmasaňyz we gaçyrmasaňyz, ol size uzak wagtlap hyzmat eder. Şeýle hem, enjam saýlanyňyzda has döwrebap SSD-lere üns beriň - olar has çalt, sessiz we mehaniki HDD-leriň aşa ýiti duýýan daşarky ýaraamaz täsirleri olara asla kär etmeýär diýen ýaly" - diýip, "Roskaçestwonyň" ýolbaşçysy Anton Kukanow belleýär.

Köp sanly agyr faýllaryň (işläp duran we uly göwrümli - red.) bir wagtda açylmagy hem kompýuteri haýalladyp biler, şonuň üçin noutbugyňyzy wiruslar we öndürijilige täsir edýän programmalar üçin barlamak, şeýle hem ulanylmaýan amallary we faýllary hemişe ýapmak artykmaçlyk etmez.

"Operasion ulgamy gurlan diskiň 15-30 göterimini boş goýmaga synanyşyň. Sebäbi noutbuklaryň haýal işlemegi bilen bagly meseleler, köplenç, ýöne bir goşmaça RAM modulyny goşmak ýa-da OS gurlan doly gaty diski arassalamak arkaly çözülýär" -diýip, hünärmen düşündirýär.

Haýal işläp başlady diýip, noutbugy zibile zyňmaga howlukmaň. Ilki bilen, ony üýtgetmäge (modifisirlemäge) çalşyň we muny çakdanaşa gyzmakdan gutulmak maksady bilen, gapagyň içini tozandan arassalamakdan başlaň. Munuň özi öndürijiligi ep-esli ýokarlandyryp biler. Hünärmenler kompýuteri hepdede azyndan bir gezek öçürip-ýakmalydygyny hem belleýärler.

"Enjamy uzak wagtlap açyklygyna goýsaňyz, noutbugyň ýady ýapylandyr öýden galyndy prosesler bilen dolýar we ýuwaş-ýuwaşdan şeýle hapalar sebäpli öndürijilik hakykatdanam peselip bilýär" diýlip, habarda bellenilýär.

Noutbuklar plastmassadan we beýleki uzak dargaýan erginlerden durýar, zäherli hem-de daşky gurşawa we saglyga zyýanly maddalary öz içine alýar. Şonuň üçin ony zibile taşlamak bolmaz diýip "Roskaçestwo" sözüni jemleýär.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

düýn 18:22
7.6k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.6k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.4k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....