Türkmenistanyň Prezidenti täze kitabyny ýazyp tamamlady

  • 06.08.2020 08:58
  • 47k+

5-nji awgustda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryna we türkmen halkynyň döreden milli ýörelgelerine bagyşlanan täze kitabyny ýazyp tamamlady.

Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy täze kitabynda halkymyzyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri barada özüniň parasatly oý-pikirlerini beýan etmek bilen, halkymyzyň ýagşy dessurlaryna, olaryň Watanyň abadançylygyny üpjün etmekde, häzirki nesilleri terbiýelemekde eýeleýän ornuna möhüm ähmiýet berýär.
Eserde halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, ony aýawly saklamak, giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler esasy orun eýeleýär.
Döwlet Baştutany täze eserinde taryhy çeşmeleri, toplanan maglumatlary ylmy esasda öwrenip, rejeläp, has-da kämilleşdirip, kitapda jemläpdir.
Täze kitap on iki bölümden ybarat bolup, onda durmuşyň gönezligi, zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, ynsaply bolmak, agzybirlik ýaly düşünjeler barada giňişleýin gürrüň berilýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlary, türkmen halkynyň döreden milli ýörelgeleri bilen baglanyşykly parasatly oý-pikirlerini jemläp, täze esere «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» diýip at goýdy. Döwlet Baştutany täze kitaby ýazyp tamamlady hem-de ony neşire berdi.

şu gün 20:05
117

Türkmenistan Minsk şäherindäki kitap ýarmarkasynda milli pawilýonyny tanyşdyrdy

Türkmenistanyň ilçihanasy 17-nji martda açylan XXXIII Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasynda milli pawilýonyny tanyşdyrdy. Bu barada Orient habarlar agentligi habar berýär. Şu ýyl bu forum Belarusyň paýtagtynyň administratiw toplumynda geçirilýär we oňa 23 ýurtdan 500-e golaý gatnaşyjy ýygnandy...

şu gün 19:32
345

"Maňa edil şu wagt ölmek bolanok": "Alaň" filminiň jemleýji böleginiň tizeri çykaryldy

Warner Bros. studiýasy Deni Wilnýowyň režissýorlyk eden “Alaň: üçünji bölüm” filminiň tizer treýlerini çykardy. 2 minut 29 sekuntlyk treýleriň ilkinji görkezilişi Los-Anjelesdäki AMC kinoteatrynda geçirildi. Treýleriň görkezilişine Deni Wilnýow, Zendeýa, Hawýer Bardem we taslama goşulan täze aktýorlar Anýa Teýlor-Joý bilen Robert Pattinson dagy gatnaşdy...

şu gün 16:49
2.1k+

Kanadanyň tebigatynyň ajaýyp gözelligini görkezýän surat bäsleşigi geçirildi

Canadian Geographic žurnaly tarapyndan guralan Canadian Photos of the Year 2025 bäsleşiginiň emin agzalary her ýyl geçirilýän surat bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdiler. Bäsleşige Kanadanyň tebigat görnüşlerini, janly-jandaryny we seýrek duş gelýän tebigy hadysalaryny görkezýän suratlary kabul edilýär...

şu gün 16:48
2.5k+

Ilkinji uçuşynda kösenmez ýaly gaýnynyň torbasyna giýewsi QR-kodly hat ýelmedi

Hytaýyň Sian şäheriniň ýaşaýjysy Çžao Çen ömründe birinji gezek ýeke özi ýola çykýan gaýynenesine kömek etmegiň täsin usulyny oýlap tapdy. 60-dan geçen zenan sowatsyzlygynyň üstüne, Hytaýda iň giň ýaýran gepleşik dili bolan mandarin dilinde hem gepläp bilmeýärdi...