Koronawirus pandemiýasy iş gününi 48,5 minut uzaltdy

  • 05.08.2020 19:18
  • 11k+

Iş gününiň dowamlylygy we geçirilýän maslahatlaryň sany işgärleriň pandemiýa sebäpli “uzak aralykdan işlemek” düzgünine geçirilmeginiň netijesinde ýokarlandy. Bu barada Ykdysady barlaglaryň milli býurosyna salgylanmak bilen Bloomberg agentligi habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Býuronyň analitikleri Ýewropanyň, Ysraýylyň, ABŞ-nyň 16 şäherinde 20 müň kompaniýanyň işini öwrendiler we 3,1 mln adamyň işine gözegçilik etdiler. Olar sekiz hepdeden iki döwrüň içinde, ýagny ilkibaşda koronawirus çökgünliginden öň we soňundan işgäriň iş ýüküne üns berdiler. Geçirilýän maslahatlaryň sanyny we dowamlylygyny, elektron ýazgylaryň göwrümini we beýleki ölçegleri deňeşdirip, gözegçilik edijiler iş güni ortaça 48,5 minut uzaldy, maslahatlaryň sany 13% artdy, iberilýän elektron hatlaryň sany tas bir ýarym esse köpeldi diýen netijä geldiler.
Şunuň bilen birlikde, ABŞ-nyň käbir şäherlerinde işgärleriň iş güni başdaky ýagdaýlaryna eýýäm dolandy. Ýöne, meselem, Nýu-Ýork we San-Hosede Ýewropadaky ýaly adamlar artyk işlemegi dowam etdirýärler.

20.06.2026 14:57
7.1k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....