Bu ýyl pandemiýa sebäpli bary-ýogy 10 müň adam Haja gidip bildi

  • 03.08.2020 16:45
  • 18k+

Koronawirus pandemiýasy sebäpli şu ýyl bary-ýogy 10 müň musulman Mekgä zyýarat etdi. 2019-njy ýylda bu bäş günlük Haj parzyny 2,5 million musulman ýerine ýetiripdi.

BBC agentliginiň habaryna görä, 2-nji awgust - ýekşenbe güni zyýaratçylaryň uly bolmadyk topary howpsuz aralygy saklamagyň talaplaryny berjaý edip, Mekgäniň Uly (Mukaddes) metjidiniň merkezinde ýerleşýän keramatly Käbäniň daşyndan aýlanyp, Haj zyýaratynyň soňky tapgyryny amala aşyrdy.
Saud Arabystanynyň patyşasy Salman ibn Abdul-Aziz Al Saudyň belleýşi ýaly, her bir musulman üçin möhüm bolan bu çäräniň geçirilmegi üçin ýerli häkimiýetler köp tagallalar etdi.

"Bu ýyl Haj zyýaraty häzirki kyn ýagdaýa garamazdan bu dessury ýerine ýetirmek üçin dürli ýurtlardan gelýänleriň az sanlysy bilen çäklendi" - diýip, 84 ýaşly hökümdar belleýär.

Howpsuzlyk çäreleriniň bir mysaly: Haj zyýaratynyň dessurlaryň biri bolan şeýtany daşlamak däbinde häkimiýetler zyýaratçylara zyýansyzlandyrylan daşly haltalary bermeli boldy. Bu daşlary, adatça, zyýaratçylaryň özleri ýygnaýardylar.
Şu ýyl Saud Arabystanynyň hökümeti Haja gelenlere ýaşaýyş jaýy, azyk we lukmançylyk hyzmatlary üçin çykdajylary çekmek bilen goldaw berdi.

düýn 11:34
4k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
9.9k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

15.06.2026 22:20
5.4k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 18:47
5.4k+

Ispaniýadaky tokaý ýangyny 330 gektar meýdana ýaýrady we raýatlaryň göçürilmegine getirdi

Ispaniýanyň La-Korunýa welaýatynyň Padron häkimligine degişli Erbon obasynda dörän tokaý ýangynyny häzirki wagta çenli söndürip bolmady. Iň soňky çaklamalara görä, ot 330 gektara golaý meýdany weýran etdi,......