Islendik zyýansyzlandyryjy serişde koronawirus ýokanjyny ýok etmäge ukyply — Rospotrebnadzor

  • 03.08.2020 14:25
  • 13k+

Islendik zyýansyzlandyryjy serişde koronawirusy ýok ediji täsire eýedir. Bu barada Rospotrebnadzoryň ýolbaşçysy Anna Popowa “Rossiýa-1” teleýaýlymynda “Habarlar” gepleşiginde beren interwýusynda aýtdy. Muny ТАSS habar berýär.

“Görkezilen konsentrasiýaly islendik zyýansyzlandyryjy serişde bu wirus üçin ýok ediji serişdedir. Ýagny, biz näme bilen arassalasak hem, esasan, zyýansyzlandyryjy serişde bilen arassalamaly” – diýip, ol aýdýar.

A.Popowa haýsydyr bir üstde koronawirusyň 48 sagada çenli saklanýandygyny hem ýatlap geçdi.
Koronawirus pandemiýasynyň ýüze çykanyndan bäri, dünýäde 17,8 milliondan gowrak adam keselledi, 685 müňden gowrak adam ýogaldy.

12.03.2026 18:46
4.8k+

Bitkoin düşýär, materiallar gymmatlaýar: howsalasyz (we gowy marža bilen) nädip satyn almaly

Eger şu gün habarlary açyp, bitkoin ýene-de “arzanlady”, metallar we gurluşyk materiallary bolsa edil öz aýratyn satuw bölümi bar ýaly hereket edýär diýip gören bolsaňyz — siz ýeke dälsiňiz. Reuters maglumatlaryna görä, bitkoin takmynan 63,3 müň dollar derejesine çenli düşüpdi, kripto-aktiwler bazary bolsa güýzdäki iň ýokary derejeden bäri takmynan 2 trillion dollar ýitgi çekdi...

12.03.2026 15:52
8.5k+

Suzuki – Aşgabatda: Wagtyň synagyndan geçen ýapon awtoulaglary elýeter bahadan

Suzuki kompaniýasynyň taryhy 1909-njy ýylda, özem maşynlaryň wazzyldysyndan däl-de, dokma gurallarynyň kakuwyndan başlandy. Miçio Sudzuki dokma stanoklaryny öndürýän kompaniýany esaslandyrdy. Kompaniýanyň öndürýän enjamlary öz döwründen has ozduryp geçen ygtybarlylygy we innowasiýalary bilen tapawutlanýardy...

09.03.2026 17:16
6.8k+

«Sarpaly» dükany ýag alyp çalyşdyran müşderilere mugt filtrleri sowgat berýär

Gökdepe etrabyndaky «Sarpaly» awtoýag we tekerler dükany öz müşderileri üçin sowgatly aksiýa yglan etdi. Motor ýaglaryny satyn alan we çalşyran müşderilere dükända ýag hem-de salon filtrleri sowgat berilýär. Bu aksiýa 10-njy martdan 17-nji marta çenli dowam eder...

09.03.2026 15:25
16k+

Gijelerine -10 °C we sowuk şemal: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bu hepde Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň berýän maglumatyna görä, käbir ýerlerde howanyň temperaturasy gijelerine -10 gradusa çenli peseler...