«Türkmendemirýollary» otly gatnawynyň ýatyrylmagyny 15-nji awgusta çenli uzaltdy

  • 31.07.2020 08:35
  • 42k+

«Türkmendemirýollary» agentligi Türkmenistanda otly gatnawynyň ýatyrylmagynyň möhletini 15-nji awgusta çenli uzaltdy.

«Hormatly ýolagçylar! Awgust aýynyň 15-ine çenli otly gatnawlarynyň duruzylandygyny habar berýäris» diýlip agentligiň resmi saýtynda habar berilýär.

Öň, «Türkmendemirýollary» otlularyň gatnawynyň 16-njy iýuldan 23-nji iýula çenli ýatyrylandygyny habar berdi, soňra bu möhlet 31-nji iýula çenli uzaldylypdy.
Soraglar boýunça ýolagçylar «Türkmendemirýollary» agentliginiň operatorlary bilen şu belgilerden habarlaşyp bilerler: +99312383273 / 75 / 76 / 79.

düýn 15:18
5.5k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......

01.04.2026 15:57
10k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......

30.03.2026 23:13
13k+

Günbatar Awstraliýany eýmenç gyzyl duman gaplady. Munuň sebäbi näme?

Awstraliýanyň Karnarwon şäheriniň golaýynda tozanly tupan sebäpli asman gyzyl reňke boýaldy. Bu barada "Fox Weather" neşiri habar berýär....

30.03.2026 10:47
9.8k+

Fransiýa güýçli ýel-ýagyn zerarly 5,2 milliard ýewrolyk zyýan çekdi

2025-nji ýylda Fransiýada bolup geçen tebigy harasatlar we betbagtçylyklar jemi 5,2 milliard ýewro möçberinde maddy zyýan ýetirdi. Bu barada France Assureurs ätiýaçlandyryş agentligi habar berýär....