Bejergisiz 500-700 müň km geçýän iň ygtybarly döwrebap hereketlendirijiler

  • 30.07.2020 15:40
  • 24k+

Döwrebap awtoulag söýüjileri häzirki wagtda abatlanylmazdan 300,000 kilometrden artyk ýol geçip bilýän motorlaryň öndürilmeýändiginden zeýrenýärler. Bu hakykatdanam şeýlemi? Bu barada car.ru şeýle belleýär.

Ýaponiýanyň meşhur awtoulag brendinden iki litr göwrümli “Toyota 3S-FE” hereketlendirijisi 140-dan 260 at güýjüne çenli dürli güýç üýtgemelerinde öndürilip gelinýär. Bu enjam hiç hili düýpli abatlamazdan, ortaça, 500,000 kilometr ýa-da ondanam köp ýol geçmäge ukyplydyr.
Uzak ömürli ýene-de bir hereketlendiriji - 1981-nji ýyldan bäri öndürilip gelinýän “Mitsubishi 4G63”. Şunça wagt içinde birnäçe üýtgetmeleri (modifikasiýa) başdan geçiren-de bolsa, onuň ygtybarlylygyna hiç hili zeper ýetmedi.
“Honda D15, D16” hereketlendirijileri “Honda Civic” modeli bilen köp ýurtlarda tanalýar. Bu hereketlendiriji barada awtoulag söýüjilerinden henize çenli hiç hili şikaýat ýok.
Iki litrlik Opel X20SE hereketlendirijisi Opel Astra we Vectra modelleri bilen biziň ýurdumyzda hem bellidir. Hereketlendirijiniň gurluşynyň sadalygy onuň ýokary ygtybarlylygyny hem kepillendirýär.
Indiki "dalaşgär" - meşhur nemes awtoulag brendinden BMW M62B46 hereketlendirijisi. Bu hereketlendirijiniň birneme ownuk meseleleri bar hem bolsa, gerekli idegi ýetirilen ýagdaýynda, ýeterlik derejede uzak wagtlap işlemäge ukyplydyr.

düýn 14:34
2.2k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.4k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.6k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.1k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....