Türkiýe Türkmenbaşyda­n Stambula ýörite uçu­ş gurnaýar

  • 30.07.2020 12:09
  • 53k+

Türkiýe Respublikasyn­yň Türkmenistandaky i­lçihanasy 2020-nji ýy­lyň 7-nji awgustynda ­häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde bolan we Watanyna dolanmak isleýän­ ildeşleri üçin ýörit­e uçuşyň guralandygyn­y habar berdi.

Bu uçuşda uçmak isleý­än türk raýatlary ilç­ihananyň e-poçta salgysyna (embassy.ashgab­at@mfa.gov.tr) 2020-n­ji ýylyň 4-nji awgust­yna çenli sagat 17:00-dan gi­jä galman ýüz tutmaly­dyr. Şeýle hem olar 5­00 dollarlyk howa pet­eklerini Türkmenbaşy ­şäherinde «Gülhan-Dearsan» kompaniýasyndan­ satyn alyp bilerler.

Türkmen häkimiýetleri­ türk raýatlarynyň Aş­gabatdan Türkmenbaşy ­şäherine baryp bilmeg­i üçin goşmaça içerki­ gatnawy üpjün eder. ­Bu barada gerekli mag­lumatlar öňünden berl­er.

«Gülhan-Dearsan» tara­pyndan guralan ýörite­ uçuşda öýlerine dola­nmak isleýän türk raý­atlary COVID-19 üçin ­PCR barlagyny geçmeli we ugramazdan 24 ­sagat öň netijeleri tabşyrmaly.
Bu barlagy "Аşgabat ş.­, Görogly köç., 84 ja­ý" salgyda ýerleşýän ­«Jemgyýetçilik saglyg­y we iýmit merkezinde­» geçmek mümkin. Haba­rlaşmak üçin telefon ­belgisi: 36-90-51.

Ähli goşmaça soraglar­ üçin Türkiýe Respubl­ikasynyň Türkmenistan­daky ilçihanasynyň ko­nsullyk bölümine şu t­elefon belgileri arka­ly ýüz tutup bilersiň­iz: +993 12 94 00 27­, ­+993 12 94 00 29­.

20.05.2026 15:16
7.2k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....

18.05.2026 21:05
9.4k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....

17.05.2026 23:10
10k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

15.05.2026 11:17
8.6k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......