Gurbanguly Berdimuhamedow behişdi bedewler bilen didarlaşdy

  • 30.07.2020 07:23
  • 11k+

29-njy iýulda zähmet rugsadynda bolýan Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewler bilen didarlaşdy.

Türkmen Lideri atçylyk toplumyna baryp, athanada Garlawaç atly mele bedewe kelleki dakdy. Döwlet Baştutany onuň beden gurluşyny synlap, milli seýisçilik däplerine laýyklykda biraz salym oňa ideg etdi, soňra bedewi athanadan çykaryp, onuň bilen birsellem gezelenç etdi.
Bedewli gezelençden soň, döwlet Baştutany ony athana getirdi, onuň kellekisini aýyrdy we bedewiň öňüne ot dökdi. Soňra bolsa Garlawajy arassa suwa ýakdy. Türkmen Lideri ýörite dürüşde taýýarlap, bedewi iýmledi. Edilýän idege hoşallygyň nyşany hökmünde üşükli Garlawaç öz eýesine başyny atdy.

düýn 23:47
2.5k+

Iki ýarym asyrdan soň türkmen nusgawy şahyry Seýdiniň täze goşgulary tapyldy

2025-nji ýylda nusgawy türkmen şahyry Seýitnazar Seýdiniň doglan gününe 250 ýyl doldy. Ýakynda, tutuş döredijiligi watançylyk ideýasyna ýugrulan serkerde şahyryň täze goşgulary ýüze çykaryldy. Bu barada Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Jeren Atabaýewa  «Edebiýat we sungat» gazetinde çap edilen makalasynda gürrüň berýär...

düýn 23:11
3.6k+

Bathyzdaky fotoduzak ýene-de bir ene alajabarsy surata düşürdi

Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda oturdylan fotoduzak öňki Aziýa alajabarsynyň ikinji bir wekilini we onuň çagasyny surata düşürdi. Alnan maglumatlar Türkmenistanyň günortasynda bu iň seýrek duş gelýän ýyrtyjynyň durnukly köpelýän toparynyň kemala gelendigine şaýatlyk edýär...

düýn 17:47
2.8k+

17-18-nji ýanwarda Türkmenistanyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi

Dynç alyş günlerinde Aşgabatda tomaşaçylaryň isleglerine laýyk dürli gyzykly çäreler bolar. 18-nji ýanwarda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda norwegiýaly ýazyjy we dramaturg Genrik Ibseniň eseri esasynda goýlan «Gurjagyň öýi» sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi bolar...

düýn 17:15
6.7k+

YouTube blogeri Coca-Cola-nyň «gizlin formulasyny» açyklady

Bloger we ylmy düşündiriji Zak Armstrong Coca-Cola içgisini mümkin boldugyndan takyk gaýtalap bilendigini aýtdy. Ol tejribäni jikme-jik görkezýän wideony özüniň LabCoatz YouTube kanalynda ýerleşdirdi.   Bir hepdeden az wagtyň içinde wideo 5,3 mln tomaşa we 21 müňden gowrak teswir ýygnady...