Google ummanyň düýbünden täze internet-kabelini geçirer

  • 29.07.2020 23:55
  • 5.6k+

Google kompaniýasy ummanyň düýbünden täze optika süýümli internet-kabelini geçirjekdigini habar berdi. Bu taslamany gözleg ägirdi 2022-nji ýyla çenli tamamlamagy meýilleşdirýär. Muny ferra.ru ýetirýär.

Häzirki günde tutuş dünýä boýunça halkara internet-trafiginiň 98%-i suwasty kabelleriň kömegi bilen üpjün edilýär. Biziň günlerimizde, ýagny biziň işimiziň, hereketlerimiziň we aragatnaşyklarymyzyň sanly bolýan döwründe ygtybarly aragatnaşyk örän möhüm bolýar. Şonuň üçin biz Grace Hopper täze suwasty kabeli barada mälim edýändigimize begenýäris” – diýlip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.
Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, bu liniýanyň geçirilmegi Google-iň ähli, ýagny Google Meet we Gmail-den başlap, Google Cloud bilen YouTube-de tamamlanýan serwisleriniň işleýiş tizligini we hyzmat ediş mümkinçiligini ýokarlandyrmaga kömek eder. Neşir edilen maglumatlara laýyklykda, täze kabel üç ýurtda üç şäheri birikdirer: ABŞ-da Nýu-Ýork, Beýik Britaniýada Bude we Ispaniýada Bilbao.
Kabeliň uzynlygy Beýik Britaniýa çenli 6,25 müň km-e, Ispaniýa çenli 6,3 müň km-e barabar bolar we ol Atlantik ummanynyň düýbünden geçiriler. Onuň işi bilen Google kompaniýasynyň şu ýylda şertnama baglaşan SubCom kompaniýasy meşgullanar. Kabel programmirleme pudagynda ilkinji açyş eden amerikan Greýs Hopperiň hormatyna atlandyrylan.

Ýatlap geçsek, öň Google üç sany täze kabeli geçiripdi. Şonda gözleg ägirdiniň taslamasynyň çäklerinde ABŞ we Çili, ABŞ we Fransiýa, şeýle-de Portugaliýa we GAR birikdirildi.

şu gün 07:22
35

Altaýda çagalaryň tiz uka gitmegine ýardam edýän usul patentleşdirildi

Altaý goraghanasynyň alymlary çagalaryň çalt uka gitmegini üpjün edýän we stres derejesini peseldýän täze usuly patentleşdirdiler. Bu usulda Altaýyň goralýan çäklerinde ýaşaýan guşlaryň hakyky owazlarynyň......

şu gün 01:07
367

«Ýaş inžener — 2026» bäsleşiginde ýaş zehinler öz innowasion taslamalaryny hödürledi

Türkmenistanyň paýtagtynda ýurt boýunça iki ýüze golaý zehinli okuwçynyň gatnaşmagynda geçirilen «Ýaş inžener — 2026» bäsleşiginiň netijeleri jemlendi....

düýn 16:01
1.6k+

Hytaýda işlenip düzülen, elektrik awtoulag batareýalary üçin niýetlenen termal gorag 1300 ℃ -a çenli çydap bilýär

Nankin tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary elektrik awtoulaglarynyň batareýalaryny gyzmakdan we ýanyp gitmekden goraýan material oýlap tapdylar diýip, CarNewsChina ýazýar....

düýn 15:59
2.8k+

Ylmy jedellere nokat goýuldy: Nanotirannus resmi taýdan aýratyn dinozawr görnüşi diýlip ykrar edildi

Prinston uniwersitetiniň we Nebraska ştatynyň muzeý hünärmenleriniň gatnaşmagyndaky halkara alymlar topary Nanotirannusyň «Tirannozawr reksiň» (T. rex) ýaş wekili däl-de, eýsem, aýratyn görnüşli dinozawrdygyny......