Türkiýede koronawirus sebäpli täze çäklendirmeleriň girizilmegi mümkin

  • 29.07.2020 23:29
  • 13k+

Türkiýäniň merkezi we gündogar etraplarynda koronawirus ýagdaýynyň güýçlenýändigi bilen baglylykda ýurtda täze çäklendiriji çäreleriň girizilmegi mümkin diýip, respublikanyň saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçysy Fahrettin Koja mälim edýär. Bu barada ria.ru habar berýär.

Kojanyň aýtmagyna görä, Türkiýede ýüze çykarylan koronawirus ýagdaýlarynyň sany bir gije-gündizde 963 san ýokarlandy, 15 syrkaw ýogaldy. Kesellänleriň umumy sany 228 müňe, ýogalanlaryň sany 5645-e ýetdi. Iýun aýynyň başyndan ýurtda pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmeleriň köpüsi aýryldy. 

“Stambulda we Izmirde pandemiýanyň ýokary çägi geçdi, ýöne tolkun heniz dowam edýär. Merkezi Türkiýede we gündogar welaýatlarda pandemiýa ýokary çägine heniz ýetenok, koronawirus ýagdaýlarynyň sany kem-kemden ýokarlanýar. Eger zerur bolsa, düýpli çäreleriň hem kabul edilmegi mümkin” – diýip, Koja žurnalistlere aýdýar.
Ol Türkiýede 31-nji iýuldan 3-nji awgust aralygynda belleniljek Gurban baýramy döwründe gün tertibinde täze çäklendirmeleriň ýokdugyny sözüniň üstüne goşdy. Ministr raýatlary hemme ýerde örtükleri ulanmaga we sosial aradaşlygy saklamaga çagyrdy.

BSGG-niň soňky maglumatlary boýunça, dünýäde 16,3 million kesel ýagdaýy ýüze çykaryldy, 650 müňden gowrak adam ýogaldy.

düýn 11:34
4.6k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

15.06.2026 22:20
5.5k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 18:47
5.5k+

Ispaniýadaky tokaý ýangyny 330 gektar meýdana ýaýrady we raýatlaryň göçürilmegine getirdi

Ispaniýanyň La-Korunýa welaýatynyň Padron häkimligine degişli Erbon obasynda dörän tokaý ýangynyny häzirki wagta çenli söndürip bolmady. Iň soňky çaklamalara görä, ot 330 gektara golaý meýdany weýran etdi,......