Google-iň işgärleri 2021-nji ýylyň iýulyna çenli öýlerinde işlärler

  • 28.07.2020 16:34
  • 8k+

Google amerikan korporasiýasynyň işgärleri koronawirus pandemiýasy sebäpli 2021-nji ýylyň iýulyna çenli “uzak aralykdan” režiminde işlemegi dowam etdirerler. Bu barada “The Wall Street Journal” gazeti çeşmä salgylanmak bilen habar berýär. Muny ТАSS ýetirýär.

Gazetiň maglumatlary boýunça, kompaniýanyň baş müdiri Sundar Piçai geçen hepdede kompaniýanyň ýolbaşçylygynyň beýleki wekilleri bilen maslahatdan soň şeýle netijä geldi. Bellenilip geçilişi ýaly, ABŞ, Beýik Britaniýa, Hindistan, Braziliýa we beýleki ýurtlardaky baş ofislerde işleýän 200 müň işgäriň ählisi diýen ýaly öýlerinden işini dowam etdirerler. Kompaniýa koronawirus bilen keselleme ýagdaýynyň az bolan ýerindäki, ýagny Awstraliýadaky, Tailanddaky we Gresiýadaky ofislerini eýýäm bölekleýin ýagdaýda açdy.
Käbir işgärler “uzak aralykdan” režiminiň uzaldylandygy barada habar aldylar diýip, gazet belleýär. Işgärler üçin resmi bildirişiň şu gün edilmegi mümkin. Eger-de şeýle edilse, onda korporasiýa uzak aralykdan işlemek režimini şeýle möhlete uzaldan ilkinji uly IT-ägirdi bolar. Öň, Google işgärleri ofise 2021-nji ýylyň ýanwarynda gaýtarmagy meýilleşdirýärdi.
“The Wall Street Journal” gazetiniň çeşmeleriniň maglumatlary boýunça, Sundar Piçai koronawirus pandemiýasy bilen bagly meseleler bilen işjeň gyzyklanýar we ýanwardan bäri degişli barlag edebiýatlaryny öwrenýär.
Federal we ýerli hökümetleriň maglumatlary esasynda hasap çykarýan Jons Hopkins uniwersitetiniň maglumatlary boýunça, ABŞ hem koronawirus bilen kesellänleriň sany, hem ýogalanlaryň sany boýunça döwletleriň arasynda liderlik edýär, ýurtda 4,2 mln kesel ýagdaýy we 146,9 müň ölüm ýüze çykaryldy.
Öň, Amazon amerikan korporasiýasy özüniň işgärleri üçin “uzak aralykdan işlemek” režimini koronawirus pandemiýasy sebäpli 8-nji ýanwara çenli uzaldandygyny habar berdi. Ýöne olara “sanitar” howpsuzlygyň ähli şertleriniň üpjün edilen ofislerinde işlemek hem hödürlenilýär. Muňa garamazdan, öýünden netijeli iş alyp barýan işgärlere ofise gelmekden saklanmak maslahat berilýär.

04.06.2026 17:40
8.5k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

02.06.2026 20:28
7.4k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.2k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......

01.06.2026 20:14
7.4k+

Mýanmadaky partlama netijesinde 50-ä golaý adam heläk boldy

Mýanmanyň demirgazyk-gündogaryndaky binalaryň birinde bolan güýçli partlama netijesinde 46 adam wepat boldy, olaryň alty sanysy çagalardyr. Şeýle hem ýene-de 74 adam şikes alyp, Namhkam okrugynyň hassahanasyna......