Alymlar koronawirusyň 8 metrden uzak aralyga hem ýaýrap bilýändigini anykladylar

  • 26.07.2020 00:51
  • 6.2k+

Nemes alymlary koronawirusyň 8 metrden uzak aralyga hem ýaýrap bilýändigini anykladylar. Bu barada Gelmgols adyndaky ýokanç keselleri öwrenmek boýunça merkeziň (HZI) metbugat beýanatyna salgylanyp, ТАSS habar berýär.

HZI-niň, Hamburg — Eppendorf uniwersitet klinikasynyň (UKE) hem-de Leýbnis adyndaky eksperimental wirusologiýanyň institutynyň (HPI) alymlarynyň bilelikde gatnaşmagynda geçirilen tejribede Reda-Widenbrýuk ilatly nokadynda ýerleşýän Germaniýanyň eti gaýtadan işleýän iň uly toplumynda 2020-nji ýylyň maýynda bolan koronawirus ýaýrawyna seredildi.

Metbugat beýanatynda görkezilişi ýaly, Toennies konsernine girýän et kombinatynda koronawirus bir işgärden 8 metrden uzak aralykdaky birnäçe adamlara geçipdir. Koronawirus ýokanjynyň ýaýrawy, esasan, howa aýlanyşygynyň bolýan we onuň Selsiý boýunça 10 gradusa çenli sowadylýan ýerinde, ýagny iri şahly mallaryň bölüminde bolup geçýär.

“Biziň çykaran netijelerimiz pes temperaturany, tämiz howanyň gowşak bolmagyny we zalda mydama howanyň kondisioner arkaly berlip durmagyny, şeýle-de agyr fiziki zähmeti öz içine alýan iş şertleriniň koronawirusyň uzak aralyga ýaýramagyna ýardam edendigini görkezýär” – diýip, HPI barlag toparynyň ýolbaşçysy, professor Adam Grundhoff habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, sanalan şertler, düzgüne görä, eti ýa-da balygy gaýtadan işlemek boýunça kärhanalarda koronawirus ýokanjynyň ýüze çykaran keseliniň ýaýramagynda aýgytly rol oýnaýarlar. “Bu şertlerde 1,5-den 3 metre çenli aralyk, görnüşi ýaly, ýokanjyň öňüni almak üçin ýeterlik däl” – diýip, professor belleýär.
“Biziň geçiren tejribämiz ýokanjyň uzak aralyklara ýaýramagyna täsir edýän dürli şertleriň duş gelýän iş ýerlerinde wirusyň nähili geçýändigini görkezýär – diýip, HZI barlag toparynyň ýolbaşçysy Melani Brinkman belleýär. — Häzir möhüm sorag ýüze çykýar: ýaşaýşyň beýleki gurşawlarynda haýsy şertlerde wirusyň uzak aralyklara ýaýramagy mümkin?”

23-nji iýunda GFR-nyň günbatarynda Gýuterslo we Warendorf okruglarynda Reda-Widenbrýuk şäherindäki et kombinatynda 1,5 müň adam koronawirus bilen keselländen soň, karantin çäreleri kabul edildi. Şonda hökümet 30-njy iýuna çenli sosial gatnaşyklara çäklendirme girizmek kararyna geldi, kinoteatrlar, muzeýler, sergiler, galereýalar, sport zallary, ýadygärlik toplumlary ýapyldy. Restoranlar işini dowam etdirdi, ýöne oňa diňe bir maşgala agzasy bolup barmak bolýardy.

şu gün 11:37
1.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.1k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
8.7k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.7k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......