Türkmenistanda ýangyn söndüriş bölümlerine täze «KamAZ» awtoulaglary gelip gowuşdy

  • 21.07.2020 16:41
  • 19k+

Tatarystan Respublikasynyň Kama awtoulag zawody (Russiýa Federasiýasy) tarapyndan öndürilip, ýangyn söndürmäge niýetlenen «KamAZ» awtoulaglarynyň bir tapgyry Türkmenistana geldi diýip, «Adalat» gazetinde habar berilýär.

Bu kuwwatly tehnikalar Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň ýangyn söndüriş bölümleri tarapyndan ulanylar.
Kama awtoulag zawodynyň önümleri biziň ýurdumyzda giňden tanalýar. Tatarstanyň ýük awtoulaglary, ýük awtoulag kranlary, awto ýangyç guýujylary we beýleki ýörite tehnikalary Türkmenistanda özlerini iň gowy tarapdan görkezdiler. Olaryň işleýşi ygtybarly bolup, ýurduň iň iri gurluşyk meýdançalarynda diýen ýaly ulanylýarlar. Kompaniýanyň inženerleri awtoulaglaryň modellerini ýerli howa şertlerine uýgunlaşdyryp kämilleşdirýärler.
Türkmenistanda Kama awtoulag zawodynyň özara bähbitli diler ulgamy döredildi we KamAZ okuw we hyzmat merkezi Aşgabatda 2008-nji ýyldan bäri işleýär.

şu gün 08:11
657

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

düýn 18:36
3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 14:05
3.9k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......