«Türkmendemirýollary» ýurt boýunça otly gatnawyny bes etmegini 31-nji iýula çenli uzaltdy

  • 21.07.2020 16:00
  • 29k+

Türkmenistan boýunça otly gatnawlarynyň hereketiniň bes edilmegi 31-nji iýula çenli uzaldyldy. Bu barada «Türkmendemirýollary» agentliginiň resmi saýty habar berýär.

«Hormatly ýolagçylar! Iýul aýynyň 16-31 aralygynda otly gatnawlarynyň wagtlaýyn duruzylandygyny habar berýäris» diýlip, agentligiň resmi saýtynda bellenilýär.

Mundan öň, agentlik gatnawlaryň 16-njy iýuldan 23-nji iýul aralygynda ýatyrylandygyny habar beripdi. Ýolagçylar «Türkmendemirýollary» agentliginiň operatorlary bilen şu telefon belgilerinden habarlaşyp bilerler: +99312383273 / 75 / 76 / 79

09.06.2026 07:41
9.4k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7.1k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
8.8k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......