Ulagyň "derdini" tüssesiniň reňkinden nädip anyklamaly?

  • 19.07.2020 23:33
  • 17k+

Zyňyndy gazlaryň reňki hereketlendirijiniň (motoryň) ýagdaýyny ýa-da awtoulagda nähilidir bir näsazlyklaryň bardygyny aç-açan aýdyp bilýär, şonuň üçin, ynha, şu ýönekeýje düzgünleri ýatda saklamak gerek. Muny popmech.ru ýetirýär.

Sowuk howada hereketlendiriji gyzdyrylýarka, köplenç, gaz çykýan turbadan ak tüssäniň göterilýändigini görýäris. Beýle ýagdaýda zyňyndy gazlara bug reňk berýär – bu adaty ýagdaý bolup, asla näsazlygyň alamaty däldir. Ýöne ýokary temperaturaly howada şeýle tüsse görünse, onda hereketlendirijide sowadyjy suwuklygyň silindrlere barşyny barlamak artykmaçlyk etmez.
Zyňyndy gazlaryň gök reňde bolmagy ýanyş kamerasyna ýag girendigini görkezýär. Adat bolşy ýaly, bu ýagyň sarp edilişiniň ýokarlanmagy we silindrlerde gysyşyň peselmegi bilen baglanyşykly ýüze çykýar. Şeýle ýagdaý ýag çykaryjy klapanlaryň çeýeliginiň ýitmegi, karteriň şemalladyş ulgamynyň näsaz işlemegi we pes hilli motor ýagynyň ulanylmagy sebäpli halkalaryň kokslanmagy ýaly sebäpleriň netijesinde ýüze çykyp bilýär.
Gara tüsse garyndy emele getirişde näsazlygyň bardygyny görkezýär. Häzirki zaman awtoulaglarynda garyndynyň parametrleri elektron görnüşinde dolandyrylýar, şonuň üçin çykýan gazlaryň gara reňki datçikleriň ýa-da ýangyç ulgamynyň beýleki bölekleriniň näsazlygyny alamatlandyrýar. Şeýle hem, gara tüssäniň peýda bolmagy pes hilli ýangyç bilen hem baglanyşykly bolup bilýär.

düýn 23:24
685

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

düýn 23:03
482

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

düýn 09:33
5.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

12.05.2026 19:02
1.4k+

Elektrikli BMW iX3 benzinli X3 M50-den has arzan we kuwwatly boldy

BMW-niň Amerikan bölümi ABŞ-nyň bazary üçin täze BMW iX3 50 xDrive elektrokrossoweriniň esasy aýratynlyklaryny mälim etdi. Modeliň iň uly artykmaçlyklarynyň biri - geçip bilýän aralygy boldy. EPA-nyň baha......