Habar beriş serişdeleri Twitteriň "döwülmesiniň" arkasynda kimiň bardygyny anykladylar

  • 18.07.2020 23:01
  • 8.6k+

Ýakynda Twittere edilen "hüjüm" "Discord" habarlaşmasynda biri-biri bilen aragatnaşyk saklaýan amerikaly we iňlis ýaşlary tarapyndan, sosial ulgamyň özünde işleýändigini we ulanyjy hasaplaryna ygtyýarynyň bardygyny öňe sürýän "Kirk" lakamly biriniň ýolbaşçylygynda amala aşyryldy. Bu barada muňa dahylly hakerlere we olar tarapyndan neşire ýetirilen habarlaşmanyň beren ekran suratlaryna esaslanyp, "New York Times" habar berýär. Muny ria.ru ýetirýär.

Habar berlişine görä, "New York Times" bu işe gatnaşan dört haker bilen habarlaşmagy başarypdyr: olaryň arasynda "lol" we "ever so anxious" lakamly ulanyjylar bar. Neşire hakerler bilen habarlaşmaga kaliforniýaly howpsuzlyk hünärmeni Hasib Awan ýardam etdi. Awan hakerler bilen aragatnaşyk saklaýandygyny, sebäbi olaryň ozal eýeçiligindäki kompaniýasyny "döwmäge" synanyşandyklaryny aýtdy.
"lol" şahsyýetini aýan etmese-de, neşire özüniň ABŞ-da ýaşaýandygyny we takmynan 20 ýaşyndadygyny, onuň "ever so anxious" lakamly dosty bolsa 19 ýaşyndadygyny, ejesi bilen Angliýada ýaşaýandygyny aýtdy.
Gazet "Kirk" lakamynyň arkasynda kimiň durandygyny we sebäplerini anyklap bolmandygyny ýazýar. Ogurlyk işiniň derňewini alyp barýan sülçüleriň aýtmagyna görä, hakerleriň neşir bilen paýlaşan käbir jikme-jiklikleri derňewiň netijesinde şu wagta çenli kesgitlenen zatlara bilen gabat gelýär diýip, gazetde nygtalýar.
Ýadymyzda bolsa, näbelli adamlar amerikaly meşhurlar adamlaryň birnäçesiniň hasaplaryny, ýagny akkauntlaryny "döwüpdiler". Pidalaryň arasynda ABŞ-nyň öňki wise-prezidenti Jo Baýden, öňki prezident Barak Obama, "Tesla" we “SpaceX”-iň esaslandyryjysy Ilon Mask, milliarderler Bill Geýts, Maýkl Blumberg we Uorren Baffet, "Amazonyň" baş direktory Jeff Bezos, rap aýdymçysy Kanýe Uest, kompaniýalardan "Apple" , "Uber" we beýlekiler bar. "Döwlen" akkauntlardaky ýazgylaryň awtorlary özlerine iberilen bitcoinleri 30 minutyň içinde iki esse edip yzyna bermegi wada beripdiler.

04.06.2026 17:40
9.9k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

02.06.2026 20:28
7.7k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.4k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......

01.06.2026 20:14
7.5k+

Mýanmadaky partlama netijesinde 50-ä golaý adam heläk boldy

Mýanmanyň demirgazyk-gündogaryndaky binalaryň birinde bolan güýçli partlama netijesinde 46 adam wepat boldy, olaryň alty sanysy çagalardyr. Şeýle hem ýene-de 74 adam şikes alyp, Namhkam okrugynyň hassahanasyna......