Alymlar uzak ömrüň esasy sebäbini anykladylar

  • 17.07.2020 23:11
  • 25k+

Britan we nemes alymlary ganyň düzüminde demiriň derejesini kadaly saklamaklyk garrylygy haýallatmagyň esasy sebäbi bolup biler diýen netijä geldiler. Ýakynda olar täze tejribe geçirdiler, tejribede 1,75 million adamyň we 60 müňden gowrak uzak ýaşan adamlaryň maglumatlary ulanyldy diýip, Sputnik agentligi habar berýär.

Barlagy geçirijiler umumy genom boýunça jemleýji statistikany, bu adamlaryň we olaryň ene-atalarynyň ömür dowamlylygyny öwrendiler hem-de umumy ömür dowamlylygy, saglyk döwri we uzak ömür bilen bagly bolan genetiki üýtgeşmeleri anykladylar. Netijede, gen toplumlarynyň – demiriň kadaly derejesine jogap berýän genom ýerleriniň üç sany toparyň ählisinde bolandygy anyklanyldy. Alymlaryň hasabyna görä, ganyň düzüminde demiriň has ýokary ýa-da pes derejesi sagdyn durmuşy kemeldýär, bu bolsa Parkinson keseline, bagyr kesellerine we organizmiň keseller bilen göreşijilik ukybynyň peselmegine getirýär. 
“Bu derejäni gözegçilikde saklamak ýaş bilen bagly zeper ýetmeleriň öňüni alyp biler. Biz demiriň metabolizmi barada gelen netijämiz näme üçin wagtyndan öň garramanyň rasionda demire baý bolan gyzyl etiň bollugy bilen baglydygyny düşündirip biler diýip çaklaýarys” – diýip, “Nature Communications” žurnaly ýazýar. Alymlar özleriniň tejribeleri ýaş bilen bagly keselleriň öňüni almak üçin enjam döretmäge kömek eder diýip umyt edýärler.

05.06.2026 17:46
2.2k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.5k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
5.2k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......