Ýewropada elektromobilleri mugt berip başladylar

  • 17.07.2020 13:51
  • 16k+

Ýewropada elektrokarlary mugt diýen ýaly berip başladylar. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, Germaniýada elektromobilleri hyzmatlar gullugynyň ortaça bahasyndan pes baha satyn almak bolýar, käbirlerini bolsa bütinleý mugt almak bolýar. Muny ren.tv ýetirýär.

Germaniýanyň we Fransiýanyň hökümeti pandemiýa sebäpli elektrokarlaryň satyn alynmagyna pul kömegini ýokarlandyrdylar. Hytaýa ýa-da Demirgazyk Amerika garanda, haýal dikelýän söwdany işjeňleşdirmek üçin syýasatçylar şeýle usul bilen ykdysady işjeňligi galdyrmak kararyna geldiler.
Ýagny, Germaniýada pul kömeginiň hasabyna Renault Zoe elektromobiliniň kärende hakyny doly ýapmak bolýar. Autohaus Koenig diler torunyň wekilleri 20 günüň içinde bu teklip bilen üç müňden gowrak adamyň gyzyklanandygyny, olardan tas 300-siniň bolsa şertnama baglaşandygyny habar berýärler. Ýöne bu meýilnama diňe Germaniýanyň raýatlary we diňe täze Renault Zoe elektromobili üçin hereket edýär.
Fransiýada Renault Zoe elektromobilleriniň satuwynyň ýylyň ahyryna çenli iki esse ýokarlanmagyna garaşylýar, Niderlandlarda bolsa sekiz günüň içinde elektromobilleriň bazaryna kömek gaznasy 10 mln ýewro möçberinde pul kömegini sarp etdi. Ýöne elektrokarlaryň bazaryny ösdürmekde kömek bermegi Beýik Britaniýada we Belgiýada azaltdylar. Hytaýda bolsa koronawirusyň netijesi sebäpli pul kömeginiň hereket ediş möhletini 2022-nji ýyla çenli uzaltdylar.
Öň, Gresiýanyň hökümeti köp sanly höweslendirmeleri wada bermek bilen, raýatlary elektromobillere geçmäge çagyrdylar. Esasanam, alyjylara pul kömegini, pul tygşytlylygyny, şeýle-de salgytlaryň doly aýrylmagyny we ulaglaryň duralgada mugt goýulmagyny wada berdiler.

şu gün 21:15
1.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

şu gün 16:05
2.1k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

şu gün 09:56
4.2k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

düýn 12:20
3.4k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....