ABŞ-nyň iň baý rep aýdymçysy prezidentlige dalaşgär boldy

  • 17.07.2020 10:37
  • 18k+

Oklahoma ştatynyň saýlaw komissiýasy repçi Kanýe Uestiň ABŞ-nyň prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde üstünlikli bellige alnandygyny habar berdi. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Maglumatlara laýyklykda, Uest ahyrky möhlete çenli ähli talap edilýän resminamalary tabşyrmaga ýetişdi we $35 müň möçberde hökmany bellik üçin ýygymy girizdi. Kanýe Uestiň saýlaw komissiýasyna beren formasynda repçi özüniň partiýasyny gysgaldylan “BDY” görnüşinde görkezdi, onuň aýtmagyna görä, bu “Birthday Darty” (“Doglan günüň partiýasy” we “Doglan günüň şanyna oturylyşyk agşamy”) diýmegi aňladýar.

Mundan başga-da, ol özüniň kampaniýasyna $5 müňden gowrak ýygnap bilendigini ýa-da sarp edendigini tassyklaýan resminamany hem tabşyrmaly bolýar. Şundan soň onuň dalaşgär derejesi saýlaw kampaniýalarynyň maliýeleşdirilmesi baradaky federal kanuna laýyklykda herekete girer. Uest ABŞ-nyň prezidenti wezipesi ugrunda göreşe gatnaşmak isleýändigini 4-nji iýulda habar etdi. 

“Häzirki wagtda biz Hudaýa ynanyp, garaýyşlarymyzy birleşdirip hem-de geljegimizi gurup, Amerikanyň tamasyny ödemeli. Men Birleşen Ştatlaryň prezidenti wezipesine dalaş edýärin!” diýip, ol özüniň internet sahypasynda ýazdy.

Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask ony goldaýandygyny aýtdy, döwletiň häzirki ýolbaşçysy Donald Tramp bolsa repçiniň “hemişe özüniň tarapynda boljakdygyna” ynanýandygyny belledi.

Özüniň prezident bolmak islegi barada Uest 2015-nji ýylda, ýagny MTV-de Video Music Awards baýragyny alanda hem aýdypdy. 2016-njy ýylda BBC radiosyna beren interwýusynda ol 2020-nji ýylda dalaşgärlik etjekdigini ýatlatdy. Onuň aýtmagyna görä, belki, onuň syýasat barada doly düşünjesi ýokdur, ýöne onda adamlar bilen hakykata gatnaşyk boýunça garaýyş bar. Redfield & Wilton Strategies kompaniýasynyň pikir soraşmasyna laýyklykda, Kanýe Ueste saýlawçylaryň diňe 2%-i ses bermäge taýýar.

06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....

04.04.2026 13:27
15k+

Owganystanda tas 6 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň täsiri goňşy döwletlerde-de duýuldy

4-nji aprelde sagat 00:52-de (Aşgabat wagty bilen) Owganystanyň Hindiguş daglyk sebitinde ýertitreme boldy. Bu barada «TOLO News Plus» teleýaýlymy habar berýär....

03.04.2026 15:18
9.5k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......

01.04.2026 15:57
11k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......