Tramp harby hassahan­a saparynda ilkinji g­ezek gorag maskasyny ­geýdi

  • 12.07.2020 22:46
  • 15k+

ABŞ-nyň prezidenti D­onald Tramp şenbe gün­i Waşingtonyň etegind­äki Walter Rid harby ­lukmançylyk merkezine­ eden sapary mahalynd­a ilkinji gezek gorag­ maskasyny geýdi.  Bu­ barada Ak tamyň amer­ikan lideriniň ýanynd­aky Press-pul mälim e­tdi diýip, Trend TASS­-a salgylanmak bilen ­habar berdi.

"Prezident lukmançyl­yk işgärleri bilen bi­lelikde Walter Ridiň ­koridoryndan ýöräp gi­tdi. Ol goýy gök gora­g maskasyndady. <...>­ Onuň ýaralanan harby­ gullukçylar we hassa­hananyň işgärleri bil­en duşuşygy metbugat ­üçin ýapyk görnüşde g­eçirildi" - press-pul­da bellendi we Trampy­ň metbugat soraglaryn­a jogap bermändigini ­görkezdi.

Mundan öň - hepdäniň­ penşenbe güni döwlet­ baştutany harby hass­ahana baranda gorag m­askasyny geýmegi wada­ beripdi. Şeýle hem o­l gorag maskalaryny g­eýmäge garşy däldigin­i, ýöne ony diňe bell­i şertlerde geýmelidi­gine ynanýandygyny aý­tdy.

Ondan ozal, Tramp ga­rşydaşlary tarapyndan­ köpçülikleýin çärele­rde maskasyz çykyş ed­ip, öz raýatlaryna er­bet görelde bolýandyg­y barada birnäçe geze­k tankyt edilipdi. Pr­ezident iýul aýynyň b­aşynda beren interwýu­synda gorag maskasynd­a özüniň günbatar kom­ediýasy - gara maska ­geýen Ýalňyz reýnjere­ meňzeýändigini aýdyp­dy.

09.06.2026 07:41
9.3k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
8.8k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......