ABŞ-da “Feý” tropiki tupany turdy

  • 12.07.2020 11:37
  • 17k+

Atlantika ummanynda emele gelen “Feý” tropiki tupany Nýu-Jersi amerikan ştatyna ýetdi. Bu barada ntv.ru habar berýär. Ýeliň tizligi sagatda 85 kilometrden geçýär. Häzir tupan Atlantik-Sitiden, takmynan, 15 kilometrlikde we günorta Nýu-Ýorkdan 145 kilometrlikde ýerleşýär, ol Nýu-Ýorka tarap sekuntda 6 metr tizlik bilen ýakynlaşýar.

“Feý” adyny alan tropiki tupanyň ýakynlaşýandygy barada Harasatlara gözegçilik boýunça ABŞ-nyň milli merkezinde duýduryldy.
“Delawer ştatynyň demirgazygynda, Pensilwaniýa ştatynyň gündogarynda, Nýu-Ýork ştatynyň günorta-gündogarynda we Täze Angliýada suw basyp almanyň we güýçli çabganyň bolmagyna garaşylýar” – diýip, çeşmä salgylanmak bilen TASS ýazýar.
Deňizde tupan turýar. Kenarýaka zolaklardaky köçeleriň onlarçasyny suw basdy. Ýaşaýyş jaýlaryny hem suw basyp alan. Nýu-Jersi amerikan ştatynyň ýaşaýjylary suw basyp alan köçeleri, öýleri we awtomobilleri wideo düşürdiler. Tropiki tupanyň ýakynlaşýandygy sebäpli, ABŞ-nyň prezidenti hatda Porsmutda (Nýu-Gempşir ştaty) saýlawdan öňki duşuşygyň geçirilmegini 2 hepde soňa goýdy. Donald Tramp hökümetiň we gulluklaryň tupanyň ýüze çykmagyna taýýardygyny belledi.

09.06.2026 07:41
9.9k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7.5k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
9.1k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......