Niva Ladanyň maşgalasyna gaýdyp geldi

  • 11.07.2020 23:00
  • 11k+

Tolýattidäki “AvtoVAZ” kompaniýasy iýul aýynda Lada markasy bilen Niva awtoulaglaryny öndürip başlady, bu barada Russiýanyň awtoulag konserniniň metbugat gullugy anna güni habar berdi, diýip sputnik.by belleýär.
Bu ulag soňky 15 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Amerikanyň “General Motors” we “Wolga” awtoulag zawodynyň bilelikdäki kärhanasynyň çäginde döredilenligi sebäpli amerikan markasy bilen – “Chevrolet Niva” hökmünde öndürilipdi. “General Motors” Russiýa bazaryndan çykansoň, “AvtoVAZ” geçen ýylyň dekabrynda bilelikdäki kärhanadaky ABŞ-nyň paýyny yzyna satyn almak barada şertnama baglaşdy.
Awtozawodyň beýannamasynda "Radiator paneli we rul indi LADA nyşany bilen belli üç ölçegli gaýyk görnüşinde bezeldi" – diýip habar berilýär.
Niva 2123 “AvtoVAZ”-da işlenip düzülip, ol 2000-nji ýylda “Lada” markasy bilen bile öndürilip başlanypdy. Ýöne iki ýyldan soň “GM” şereketi bilen bilelikdäki kärhanada “Chevrolet” hökmünde çykarylyp başlandy. Adamlar “Chevrolet” hem-de “Niva” sözlerini goşup, ulagy "Şniva" diýip atlandyrdylar. “General Motors” 2015-nji ýylda Russiýany terk edensoň, kärhana amerikan konserniniň iň soňky rus aktiwi bolup galdy. 2018-nji ýylda bu awtoulagyň öndüriliş mukdary 31,9 müňe ýetipdi.
2014-nji ýyldan bäri “AvtoVAZ” topary “Renault-Nissan-Mitsubishi” bileleşiginiň agzasy bolup, dört marka - Lada, Renault, Nissan we Datsun ýaly awtoulaglary öndürýär. Toparyň önümçilik desgalary Tolýattide – “AvtoVAZ” paýdarlar jemgyýetinde we Ižewskde – “Lada Izewsk” LLC-de ýerleşýär.

düýn 20:53
1.9k+

Mitsubishi Pajero gaýdyp gelýär: kompaniýa muny resmi taýdan tassyklady

Mitsubishi kompaniýasy "Pajero" ýolsuz ýerden ýöreýän ulagynyň (wnedorožniginiň) gaýdyp gelýändigini resmi taýdan tassyklady. Täze, bäşinji nesil modeliň tanyşdyrylyş dabarasy şu ýylyň güýzünde bolar....

düýn 17:35
2.7k+

Bugatti Chiron özünden 17 esse arzan bolan superkara drag-reýsingde utuldy

1500 at güýjüne eýe bolan Bugatti Chiron giperkary drag-reýsingde garaşylmadyk ýagdaýda 1250 at güýji hem-de Bugatti-den 17 esse arzan bolan Chevrolet Corvette ZR1X ulagyndan ýeňildi....

düýn 12:41
2.3k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

01.06.2026 10:57
2.6k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......