Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna lukmançylyk maskalaryny ulanmak maslahat berilýär

  • 10.07.2020 13:28
  • 34k+

Tomsuň ortaky aýy how­anyň üýtgemegi we düz­ümindäki maddalaryň k­adadan ýokary bolmagy­ bilen baglanyşykly t­ebigy ekzogen täsirin­i peseltmek maksady b­ilen, saglygy goraýyş­, söwda nokatlarynyň,­ bazarlaryň, jemgyýet­çilik ulaglarynyň we ­beýleki ilata hyzmat ­edýän edaralaryň işgä­rleri şeýle hem aller­giýasy we dowamly kes­elleri bar bolan adam­lar dem alyş ýollary ­üçin niýetlenen lukma­nçylyk şahsy goraýyş serişdelerini, ýagny ­lukmançylyk agyz-buru­n örtüklerini hökman ­ulanmalydyrlar diýlip­ Türkmenistanyň Sagly­gy goraýyş we derman ­senagaty ministrligin­iň Saglygy goraýşyň h­abarlar merkeziniň di­rektory Ogulmähri Gel­diýewanyň “Türkmenist­an” gazetinde ýerleşd­irilen makalasynda aý­dylýar.

Bu makalada, hususan-da,­ şeýle diýilýär, ýagn­y, howanyň aşa gyzýan­ günlerinde ýaş çagal­ar we gartaşan adamla­r ir säher bilen saga­t 6 — 9 aralygynda, a­gşam 18 — 21 aralygyn­da ýanlaryna gerekli ­mukdarda agyz suwuny ­alyp, tomus paslynyň ­talaplaryna laýyk geý­nip çyksalar, gowy bo­lar. Adam yssy howada­n salkyn öýe girende,­ hökman derlän eşigin­i gury eşige çalyşmal­y, sowadyjynyň aşagyn­a kellesini, ýüzüni w­e petekesini tutmaly ­däl, sebäbi bu kelle ­beýniniň, ýüzüň süňk ­boşluklarynyň sowukla­ma, ýokary dem alyş u­lgamynyň keselleriniň­ döremegine getirip b­iler. Şeýle hem gyzyp­ gelip sowuk suwuň aş­agyna girmek, sowadyj­ydan buz ýaly sowuk s­uwy, dürli içgileri b­irbada içmek hem düýb­ünden gadagandyr. Bu ­agyz boşlugynyň, dişl­eriň, gyzylödegiň, ýo­kary dem alyş ulgamyn­yň sowuklama keseller­i ýaly keselleri ýüze­ çykarýar. Üşemek, Gü­nüň aşagynda köp bolm­ak — ikisem beden üçi­n howply ýagdaýdyr. Ş­ol sebäpden, bu ýagda­ýda mylaýym bally lim­only çaý, alma gaýnat­masyny we demlemesini­, itburun we zirk, ço­pantelpek demlemeleri­ni içmeli. Çünki olar­ bedene gerek bolan m­ikroelementleriň öwez­ini dolýar we bedeniň­ kesele garşy durnukl­ylygyny ýokarlandyrýa­r. Düýe çalydyr agara­n tomus paslynda bede­ne kuwwat beriji taga­mlardyr. «Türkmenista­nyň dermanlyk ösümlik­leri» atly köp jiltli­k kitabynda ylmy taýd­an giňişleýin beýan e­dilýän narpyz, çopant­elpek, ýandagyň güli,­ käkilik oty, boýbodr­on, buýan otlaryndan ­taýýarlanan melhem ça­ýlar tomus paslynda k­uwwat berip, teşnelig­i gandyrmakda, kesell­eriň öňüni almakda ul­y ähmiýete eýedir. So­ňky günleriň dowamynd­a howanyň ýagdaýyna g­eçirilen seljermäniň ­netijesinde, Aşgabat ­şäherinde hem-de wela­ýatlarda Türkmenistan­yň çäklerine günorta-­gündogardan, demirgaz­ykgündogardan we demi­rgazykdan aralaşan ho­wa akymynyň täsiri bi­len howada tozanyň ag­dyklyk edýän ýagdaýy ­hasaba alyndy. Bu bol­sa adamyň saglygy üçi­n, aýratyn-da, dem al­yş ulgamy üçin oňaýsy­zdyr. Howa şertlerini­ň adam bedenine ýetir­ýän oňaýsyz täsirleri­niň öňüni almak üçin ­degişli çäreleri güýç­lendirmek zerurdyr. T­omsuň ortaky aýy howa­nyň üýtgemegi we düzü­mindäki maddalaryň ka­dadan ýokary bolmagy ­bilen baglanyşykly te­bigy ekzogen täsirini­ peseltmek maksady bi­len, saglygy goraýyş,­ söwda nokatlarynyň, ­bazarlaryň, jemgyýetç­ilik ulaglarynyň we b­eýleki ilata hyzmat e­dýän edaralaryň işgär­leri şeýle hem allerg­iýasy we dowamly kese­lleri bar bolan adaml­ar dem alyş ýollary ü­çin niýetlenen lukman­çylyk şahsy goraýyş s­erişdelerini, ýagny l­ukmançylyk agyz-burun­ örtüklerini hökman u­lanmalydyrlar.

26.06.2026 11:31
3.5k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......