Lukman garpyzyň gündeki kabul edilmeli möçberini aýtdy

  • 10.07.2020 11:38
  • 23k+

Bakja önümleri düzüminde şekeriň we suwuklygyň köp mukdaryny saklaýarlar, şonuň üçin olary günde 100-150 gram ir-iýmişden köp kabul etmeli däl. Bu barada Nation News habarlar gullugyna salgylanmak bilen 360tv.ru habar berýär.

Adatça, hiç kim 100 gram garpyz bilen çäklenmeýär. Netijede, şeker suwuklygy organizme çalt barýar we siňýär, bu bolsa ganyň düzüminde şekeriň derejesini ýokarlandyrýar. Bu ýerde gürrüň diňe bir glýukoza barada däl-de, eýsem, fruktoza barada-da gidýär. Garpyz köp mukdarda kabul edilen ýagdaýynda madda çalşygynyň deňagramlylygynyň bozulmasy bolup geçýär. Bu bolsa arterial gipertoniýa hem-de ateroskleroza (ýürek-damar ulgamynyň kesellemegi) getirýär.

Mundan başga-da, suwuklygyň artykmaç bolmagy hem howpludyr. Bu, aýratynam, ýürek-damar keseli we gan aýlanyşygynyň ýetmezçiligi bilen suw-duz çalşygynda näsazlygy bolan adamlara degişli. Muny arterial gipertoniýa, süýji keseli, ateroskleroz, gan aýlanyşygynyň ýetmezçiligi we böwrek keselleri bilen ejir çekýän 50-60 ýaşdan ýokary adamlara hem bellemek gerek.

Lukman gawunyň hem saglyk üçin howply bolup biljekdigini belledi, çünki gawunda garpyza garanda, şeker 1,5 esse köp saklanýar.

düýn 16:48
2.8k+

Pekin lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Arkadag şäherine baryp gördi

15-nji aprelde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat......

15.04.2026 23:40
2.5k+

BAE-de semizlige garşy dünýäde gerdejik görnüşli ilkinji derman ulanmaga rugsat berildi

Birleşen Arap Emirliklerinde semizlige garşy dünýäde ilkinji gerdejik görnüşindäki dermanyň ulanylmagy makullandy. Bu barada «Khaleej Times» neşiri habar berýär....

15.04.2026 17:32
2.5k+

Alymlar Alsgeýmer keseliniň irki alamatyny anykladylar. Bu - ys duýmagyň ýitmegi

Ys duýuşyň peselmegi, entek ýatkeşlik bilen bagly mesele döremezden öň hem, Alsgeýmer keseliniň ilkinji alamatlarynyň biri bolup biler. Bu Germaniýanyň Neýrodegeneratiw keselleri öwreniş merkeziniň we......

09.04.2026 20:12
8.3k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....