Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

  • 09.07.2020 14:30
  • 24k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abä Ýaponiýanyň günorta sebitinde bolup geçen giň gerimli suw joşguny we süýşgünler netijesinde köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeleri hem-de uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatlaryny iberdi.
Döwlet Baştutany halkyň, Hökümetiň, şeýle hem öz adyndan şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Belläp geçsek, Ýaponiýanyň güýçli çabga ýagýan günorta-günbatar we merkezi etraplaryndan 870 müňden gowrak adam çarşenbe güni gyssagly göçürilmek barada görkezme aldy. Bu barada çarşenbe güni Kyodo agentligi habar berýär.
TASS agentliginiň habar berşi ýaly, bu görkezme alty sany prefekturanyň — Fukuokanyň, Kumamotonyň, Oitanyň, Gifunyň, Naganonyň we Hýogonyň etraplaryna degişli.
Güýçli çabgalaryň netijesinde Kýusýu adasynyň günorta-günbatarynda soňky üç günde 60 töweregi adam aradan çykdy, 13 adam dereksiz ýiten hasaplanylýar. Häzir ýagyn ugry Kýusýudan esasy ýapon adasy Honsýunyň merkezine süýşýär. Kýusýuda Ýaponiýanyň Toyota Motor awtomobil konserniniň üç sany iri zawody hem öz işini dikeltdi.
Mundan öň, Ýaponiýada 1,3 million adamy ewakuasiýa etmek hakynda görkezme berlipdi.

20.06.2026 14:57
7.2k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....