Waşingtonda ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli awiaýöriş geçirildi

  • 05.07.2020 20:59
  • 3.8k+

Waşingtonda ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli köpçülikleýin awiasiýa ýörişi geçirildi. Bu barada “USA Today” gazetine salgylanmak bilen tvzvezda.ru habar berýär.

Bellenilip geçilişi ýaly, “Amerika salýut – 2020” çäresiniň çäklerinde Ak öýüň üstünden amerikan harby uçarlary we dikuçarlary uçup geçdi. Ilki bilen amerikan prezidentiniň şahanasynyň üstünden “birinji belgili bort” – Boeing 747 uçup geçdi. Awraam Linkolnyň ýadygärliginiň öňündäki otluk ýere harby paraşýutçylar düşdi. Soňra Donald Tramp gutlag bilen çykyş etdi.
Şundan soň awiasiýa ýörişi dowam etdi. Asmandan C-47 harby-ulag uçarlary, Boeing B-17 “Uzaga atýan dört motorly bombalaýjy uçar”, “Mustang” (North American P-51) belli “weýran edijiler”, B-25 Mitchell we B-29 Superfortress bombalaýjy uçarlar uçup geçdi.
4-nji iýulda Trampyň Garaşsyzlyk gününi medisina işgärleri, polisiýa işgärleri we harbylar hem-de olaryň maşgala agzalary bilen bellejekdigi habar berildi. Öň Waşingtonyň meri Mýuriel Bouzer koronawirus ýaýrawy bilen baglylykda raýatlary Garaşsyzlyk gününi bellemek boýunça geçirilýän köpçülikleýin çärelere gitmezlige çagyrdy. Koronawirus bilen kesellemegiň täze ýagdaýlarynyň sanynyň artýandygy bilen baglanyşykly ştatlaryň köpüsinde 4-nji iýuly – ABŞ-nyň Garaşsyzlyk gününi bellemeklik bölekleýin ýatyryldy ýa-da üýtgedildi. Kaliforniýada häkimler kenarýakalary ýapmak kararyna geldi, Tehasda gubernator ýaşaýjylara jemgyýetçilik ýerlerinde maska dakmaly etdi, şeýle talaplary Tennesi ştatynyň häkimleri hem ýola goýdy.
Amerikanlar ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň Deklarasiýasynyň kabul edilen gününi 4-nji iýulda belleýärler. 1776-njy ýylda kabul edilen resminama Birleşen Ştatlaryň Beýik Britaniýadan garaşsyzlygyny yglan etdi. 1938-nji ýylda ABŞ-nyň kongresi Garaşsyzlyk gününe federatiw baýramçylyk derejesini berdi.

20.05.2026 15:16
7.3k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....

18.05.2026 21:05
9.4k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....

17.05.2026 23:10
10k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

15.05.2026 11:17
8.6k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......