Bloomberg: Boeing iki ýyldan 747 uçarlaryny çykarmagyny bes eder

  • 04.07.2020 16:29
  • 5.4k+

TASS-yň Bloomberg iş habarlary agentligine salgylanmak bilen habar bermegine görä, Boeing aerokosmiki korporasiýasy Boeing 747 iki palubaly giň korpusly uçarlaryny çykarmagy bes etmekçi bolýar. Muny inforos.ru ýetirýär.
Korporasiýanyň soňky 747-8 uçaryny Waşington ştatynyň Ewerette şäherindäki kärhanasynda, takmynan, 2 ýyldan ýygnajakdygy bellenilip geçilýär. Agentligiň bellemegine görä, önümçiligi bes etmegiň aýgytly sebäbi koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara awiagatnawlaryň saklanylmagy boldy. Şeýle-de, ýolagçylaryň arasynda meşhurlygyna garamazdan, howa ýollarynyň köpüsinde bu uçara ýeterlik derejede isleg bildirilmeýär, çünki awiakompaniýalar uzak aralyga uçuş üçin iki hereketlendirijili uçarlara geçdiler.
Geçen onýyllykda kompaniýa bu modelden 1 571 uçary ýola goýdy, bu model satuw göwrümi boýunça diňe 777-nji modelden yza galýar. 2016-njy ýyldan bäri korporasiýa çykarylýan her 747-8 uçarynda $40 mln ýitirýär. Şunuň bilen baglylykda, maliýe çykdajylary $4,2 milliarda ýetdi. Olaryň önümçiligi bolsa ýylda alty sany uçara çenli kemeldildi. Uçaryň ýolagçy görnüşine iň soňky sargyt ABŞ-nyň prezidenti üçin 2017-nji ýylda edildi.
Agentligiň bellemegine görä, kompaniýanyň Boeing 747 üçin häzir 15 sargydy bar. Olaryň 12 sanysy United Parcel Service amerikan kompaniýasy üçin niýetlenilen. Boeing 747 uçarynyň ilkinji uçuşy 1969-njy ýylyň 9-njy fewralynda boldy, ulanylyşa uçar 1970-nji ýylda girizildi. Döredilen wagtynda bu iň uly, agyr we sygymly ýolagçy uçary bolupdy we Airbus A380 uçary ýüze çykýança, şeýle bolmagynda galdy.

şu gün 15:38
2.2k+

Kolumbiýada güýçli ýagyşlar uly suw joşgunyna sebäp boldy

​18-nji martda başlanyp, birnäçe günläp dowam eden güýçli ýagyşlar Kolumbiýanyň paýtagty Bogotanyň 40 km günbatarynda ýerleşýän Fakatatiwa şäherinde suw joşgunyna getirdi. Ýerli häkimiýetleriň berýän resmi maglumatlaryna görä, bu tebigy apatdan 1000-den gowrak maşgala zyýan çekdi...

şu gün 11:26
3.6k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

düýn 12:19
10k+

Pakistany güýçli harasat gaplady

«Pakistanyň Karaçi şäherini örän güýçli harasat gaplap aldy» diýip, Euronews habar berýär. Güýçli ýagyş we şemal bilen gelen zabun howanyň netijesinde azyndan 19 adam pida boldy, köp sanly ýaşaýjy bolsa dürli şikese uçrady...

16.03.2026 19:31
4.7k+

Gawaýidäki Kilauea wulkany 540 metr beýiklige lawa zyňdy

Gawaýi adasyndaky Kilauea wulkany soňky atylmasy wagtynda 540 metr beýiklige lawa zyňdy. «IFLscience» neşiriniň ýazmagyna görä, bu beýiklik 2024-nji ýylyň dekabryndan bäri dowam edýän häzirki atylmalar döwründe iň ýokary dereje boldy...