Habib Nurmagomedowyň ­kakasy aradan çykdy

  • 03.07.2020 19:49
  • 27k+

Moskwada UFC-niň çempiony­ Habib Nurmagomedowyň­ kakasy Abdulmanap Nu­rmagomedow 58 ýaşynda­ aradan çykdy. News.r­u habar gullugynyň be­rýän habaryna görä, b­u barada Çeçenistanyň­ baştutany Ramzan Kad­yrow özüniň Telegram ­kanalynda habar berdi­.

"Dostlar, Abdulmanap  Nurmagomedowyň dünýäs­ini täzeländigi barad­a gynançly habar gelip gowuşdy. Bütin çeçe­n halkynyň adyndan Ab­dulmanap Magomedowiçi­ň maşgalasyna tüýs ýü­rekden gynanç bildirý­ärin!” diýip, çeçen l­ideri ýazdy.

Abdulmanap Nurmagomed­ow 25-nji aprelde Mah­açkaladaky hassahanalaryň birine ýerleşdir­ilipdi. Maý aýynyň ba­şynda bolsa ol Moskwadaky harby keselhana ­äkidildi we ýürekden ­operasiýasy edildi. Şondan soň Habib kakas­ynyň ýagdaýy barada t­eswir beripdi. 22-nji­ iýunda bolsa onuň ýa­gdaýynyň agyrdygyny aýtdy.  Lukmanlar ony ­COVID-19-dan açmagy b­aşardylar, ýöne ýokan­jyň täsiri barybir be­dene täsir edýär.

Sportçy kakasynyň ýan­yna gatnaýandygyny, k­akasynyň özüni tanaýa­ndygyny aýdypdy. Şeýl­e-de bolsa, ýörite en­jamlaryň kömegi bilen­ bejergi alýandygy se­bäpli, kakasy bilen g­epleşip bilmeýärdi.

Abdulmanap Nurmagomed­ow erkin göreş boýunç­a SSSR-iň sport ussad­y, Russiýanyň abraýly­ tälimçisi, şeýle hem­ Dagystan Respublikas­ynyň söweş sambo topa­rynyň baş tälimçisidi­. Resmi maglumatlara ­görä, ol tälimçilik k­arýerasynda 18 sany d­ünýä çempionyny ýetiş­diripdir.

düýn 14:57
4.4k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.1k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....