Volkswagen Türkiýede kärhana gurmakdan boýun gaçyrdy

  • 03.07.2020 11:16
  • 4.3k+

Volkswagen nemes kompaniýasy meýilnamalaryny gözden geçirmek kararyna geldi we Türkiýede täze önümçilik meýdançasyny gurmakdan saklandy. Öndürijiniň metbugat beýanatynda habar berlişine görä, konserniň ýolbaşçylygy tarapyndan şeýle netijä gelinmegiň sebäbi täze modelleri satyn almaga bolan islegiň birden pese gaçmasy boldy, muny glas.ru habar berýär.
Täze görnüşli koronawirus infeksiýasy ykdysady çökgünlige uly täsirini ýetirdi. Geljekde kärhanada Passat we Skoda Superb modelleriniň täze nesillerini öndürmek meýilleşdirilipdi, indi bu modelleri çykarmak işi bilen Slowakiýanyň paýtagty Bratislawdaky kärhana meşgullanar.
Volkswagen kompaniýasy täze ýygnaýjy kärhananyň gurluşygyny Izmir türk şäheriniň ýanynda meýilleşdirdi. Ol ýerde konsern Passat we Skoda Superb hususy modellerini öndürmegi göz öňünde tutdy. Täze kärhana Ýakyn Gündogaryň we Gündogar Ýewropanyň bazarlarynda bu awtomobillere bolan ýokary islegi kanagatlandyrmalydy.
Kompaniýanyň ýolbaşçylygynyň meýilleşdirişine görä, önümçilik meýdançasy ýylda 300 müň sany täze awtomobili çykarmalydy we Türkiýäni 4 müň iş orny bilen üpjün etmelidi. Geçen ýyl gurluşyk birnäçe gezek süýşürildi, häzir bolsa Volkswagen bu pikirden doly boýun gaçyrdy.

düýn 23:24
843

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

düýn 23:03
562

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

düýn 09:33
5.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

12.05.2026 19:02
1.4k+

Elektrikli BMW iX3 benzinli X3 M50-den has arzan we kuwwatly boldy

BMW-niň Amerikan bölümi ABŞ-nyň bazary üçin täze BMW iX3 50 xDrive elektrokrossoweriniň esasy aýratynlyklaryny mälim etdi. Modeliň iň uly artykmaçlyklarynyň biri - geçip bilýän aralygy boldy. EPA-nyň baha......