Hytaý amerikan KHBS-niň birnäçesiniň işine çäklendirme girizýär

  • 02.07.2020 15:35
  • 6k+

Pekin bilen Waşingtonyň arasynda maglumat urşy dowam edýär. 22-nji iýunda ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýkl Pompeo Birleşen Ştatlaryň dört sany hytaý köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň derejesini “daşary ýurt wekilçiligi” hökmünde kesgitläp, olar üçin iş düzgünlerini güýçlendirýändigini aýtdy. Ýagny, gürrüň Hytaýyň Merkezi telewideniýesi, China News Service agentligi, “Ženmin žibao” we “Global Times” gazetleri barada gidýär. Amerikan kanunlaryna laýyklykda, bu KHBS-ler özüniň işgärleriniň sanawyny ABŞ tabşyrmaga, kadr üýtgetmeleri barada hasabat bermäge, şeýle-de daşary syýasat edarasynda olaryň eýeçilik edýän ýa-da kireýne alýan emlägini bellige aldyrmaga borçly edildi. Öň, daşary ýurt wekilçilikleri diýlip, CGTV telekanaly, “Sinhua” agentligi we Hytaýyň halkara radiosy kabul edilipdi.
Şundan soň Hytaý Waşingtonyň hereketine jogap hökmünde birnäçe amerikan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine çäk girizýär. Bu barada DIM-niň resmi wekili Çžao Liszýan brifingiň dowamynda aýtdy. Muny ТАSS habar berýär.
“Soňky wagtlar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümeti olaryň territoriýasynda hereket edýän hytaý KHBS babatynda çäklendirme ulandy” – diýip, diplomat habar berýär. Çžao Liszýanyň aýtmagyna görä, jogap çäresi hökmünde hytaý tarapy hem birnäçe amerikan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň düzgünlerini güýçlendirmeli bolýar.
“Hytaý Associated Press, United Press International, CBS, National Public Radio informasion agentliklerinden şu günden başlap ýedi günüň içinde Hytaýa HHR-iň territoriýasynda işleýän ähli işgärleri, maliýa ýagdaýlary we özüniň beýleki işleri barada ýazmaça maglumat tabşyrmagy talap edýär” – diýip, Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň wekili aýdýar.

09.06.2026 07:41
9.3k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
8.8k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......