Halkara arbitraž kazyýeti Eýran bilen Türkmenistanyň gaz dawasy boýunça çözgüt kabul etdi

  • 01.07.2020 15:04
  • 15k+

Halkara arbitraž kazyýeti Eýranyň milli gaz kompaniýasy bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň arasyndaky dawa boýunça çözgüt kabul etdi, diýip ORIENT agentligi Eýranyň habar beriş serişdelerine salgylanyp habar berýär.
Halkara arbitraž kazyýeti Eýranyň milli gaz kompaniýasy (National Iranian Gas Company, NIGC) bilen «Türkmengaz» DK-nyň arasyndaky dawa boýunça işi seljerdi. Arbitražyň düzgünlerine laýyklykda, kabul edilen çözgüdi dawa gatnaşýan taraplaryň ählisiniň razylygy bolmazdan köpçülige ýaýratmak bolmaýar, diýip Young Journalists Club — «Ýaş žurnalistler kluby» eýran habarlar agentligi Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.
Halkara arbitraž kazyýetiniň bu çözgüdi babatda garaýyşlaryny beýan eden EYR-nyň Nebit ministrliginiň metbugat – relizinde bellenilişi ýaly, «Türkmengaz» DK bilen Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň arasyndaky kazyýet dawasy — söwda dawasy bolup, onda ýeňilen ýa-da ýeňen tarap bolmaýar.
Eýran tarapynyň pikirine görä, kabul edilen çözgüt dürli aspektlere eýe — bir tarapdan «Türkmengaz» kompaniýasynyň garaýyşlary tassyklanylsa, beýleki ýagdaýlarda Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň garaýyşlary goldanylýar.
«Bu çözgüt iki sany dostlukly hem goňşy döwletiň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge ýol açar» - diýlip EYR-nyň Nebit ministrliginiň metbugat-relizi jemlenilýär.
Belläp geçsek, Türkmenistan we Eýran — gaz söwdasy boýunça öňden gelýän hyzmatdaşlardyr. Ýöne soňky ýyllarda Eýranyň milli gaz kompaniýasynda türkmen tebigy gazy üçin uly möçberde bergisi emele gelipdi. Türkmen tebigy gazy eýran tarapyna ikitaraplaýyn ylalaşyga laýyklykda iberilipdi.
Öň «Türkmengazyň» ýolbaşçylygy türkmen tebigy gazy boýunça bergi meselelerinde eýran wekilleri bilen duşuşyklaryň barşynda ylalaşykly çözgüde gelip bilmändigini beýan etdi. Bilelikdäki, özara bähbitli çözgüdi kabul etmek üçin taraplar halkara arbitraž kazyýetine ýüz tutmak kararyna geldiler.

25.06.2026 12:37
7.1k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.6k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....