Türkmenistan ÝB bilen COVID-19-a garşy göreşde maglumat serişdelerini alyşmagy ylalaşdy

  • 25.06.2020 23:27
  • 6.8k+

25-nji iýunda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň onlaýn tertibinde geçirilen 19-njy mejlisinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp ugurlary hem-de geljegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Şu günki duşuşyga Ýewropa Bileleşiginiň degişli ugurdaş düzümleriniň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň, işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Onuň gün tertibine söwda-ykdysady, hususy ulgamlarda we beýleki geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň birnäçesi girizildi
Şunuň bilen baglylykda, taraplar bilelikdäki işiň netijelerini, özara haryt dolanyşygynyň ýagdaýyny seljerdiler we ony artdyrmagyň mümkinçiliklerine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, COVID-19 koronawirusynyň pandemiýasyna garşy netijeli göreşmek hem-de onuň makroykdysady ýagdaýa täsiriniň öňüni almak boýunça tagallalary birleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy. Şu maksat bilen, taraplar tejribe, tehnologik we maglumat serişdelerini alyşmak barada ylalaşdylar.
Şeýle hem indiki ýyl «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň 20-nji mejlisini geçirmegiň deslapky möhleti bellenildi.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......