Zarýadlandyrmasyz smartfonuň iş wagtyny nädip uzaltmaly?

  • 03.06.2020 22:50
  • 8.1k+

Smartfonuň modeline bagly bolmazdan, islendik ýagdaýda-da onuň önümçiligini ýokarlandyrmak we goşmaça zarýadlamasyz iş wagtyny uzaltmak bolýar diýip, hünärmenler belleýärler. Bu barada online47.ru habar berýär.
Olaryň aýtmagyna görä, munuň üçin birinjiden, ulanmaýan ähli programmalaryňy aýyrmaly. “Ir-u-giç olar internete çykýarlar we dürli hasabatlary iberýärler, täzeläp durmagy we beýlekileri soraýarlar. Olary aýyrmak bilen 10%-e çenli zarýad wagtyny tygşytlamak bolýar” – diýip hünärmenler aýdýar.
Ikinjiden, fon režiminde gerek programmalaryň işlerini çäklendirmek gerek – bu messenjerler, internet torlary, karta we programmalar, şeýle-de gözleg serwisleri bolup biler. Bu telefonyň zarýadlamasyz ulanylyş wagtyny 20-30% ýokarlandyrar.
Üçünjiden, goşmaça ulgamlaýyn serwisleri – NFS, GPS, bluetooth we Wi-fi – öçürmeli hem-de telefonuň ýagtylygyny-da peseltmeli. Zerur bolýança, mobil maglumatlaryny iberijini, ýagny interneti hem öçürmek bolar. Bu zarýady 50%-e çenli tygşytlar.
Dördünjiden, telefonuň apparat mümkinçiliklerinden, energiýany tygşytlaýjy režimden peýdalanmaly we täzelenme işlerine seredip durmaly. Belli bolşy ýaly, telefonuň içini täzeleme modeli köne bolan telefonlar üçin energiýanyň köp sarp edilmegine getirýär. Käbir täzeleme işlerine ähmiýet bermeseň hem bolar.
“Bu dört sany ýönekeý düzgün gajetiň işe ukyplylygyny zarýadlamasyz iki-üç esse ýokarlandyrmaga kömek eder” – diýip hünärmenler belleýär.
Ýaňy-ýakynda hünärmenler smartfonuň tutuş gije zarýadlanmasynyň howplulygyny bahalandyrdylar. Olaryň aýtmagyna görä, bu onuň işine negatiw täsir edip biler. Gije zarýada goýlan wagtynda smartfonda uçuş režimini ýakmak maslahat berilýär, bu signallaryň ýaýramagyny çäklendirmäge kömek eder. Öndürijiler zarýadyň derejesini 20-30 göterimden pese düşürmezligi we telefony doly derejede öçmeklige ýetirmezligi maslahat berýärler.

şu gün 16:06
147

Dünýäniň iň çuň ýerasty marafony Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Şwesiýanyň Garpenberg şäherinde ýeriň takmynan 1100 metr çuňlugynda geçirilen ylgaw ýaryşy dünýäniň iň çuň ýerasty marafony hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna hasaba alyndy. Marafonyň uzynlygy adaty ölçegde, ýagny 42,2 km boldy...

şu gün 16:00
120

20,6 mln tomaşaçy toplan «Ýelloustonyň» spin-offy derrew 2-nji möwsüme uzadyldy

CBS teleýaýlymy «Marşallar» atly dramatik serialynyň premýerasyndan bary-ýogy 12 gün geçensoň, ony ikinji möwsüme uzaltmak barada karar kabul etdi. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Bu karar taslamanyň rekord derejedäki ýokary reýtingleriniň esasynda alyndy...

şu gün 15:33
350

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ilkinji gezek hususy pudagyň sergisine gatnaşýar

Türkmenistanyň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ilkinji gezek döwlete dahylsyz pudagyň sergisine gatnaşýar. 2025-nji ýylda döredilen bu ýokary okuw mekdebi sergidäki diwarlygynda ýaş telekeçileriň geljegi uly taslamalaryny we uniwersitetiň gazanan üstünliklerini myhmanlara tanyşdyrýar...

şu gün 15:28
441

Alymlar 500 ýyllyk ýadygärlikde adaty göze ilmeýän geň şekilleri tapdylar

«Barlagçylar Gwadulupaly Tilmada, ýagny Merýem enäniň şekili çekilen kaktus süýüminden taýýarlanylan ýapynjada adatdan daşary bir aýratynlygy ýüze çykardylar. Surat sanly ulgam arkaly ulaldylanda, onuň içinde 13 sany örän kiçijik adamyň ýüz şekiliniň bardygy belli boldy» diýip, Daily Mail neşiri ýazýar...