Alymlar tertipsizlikde zadyňy çalt tapmagyň usulyny tapdylar

  • 03.06.2020 22:34
  • 7.3k+

Tertipsizlikde gerek zatlary gözlän wagtynda adamyň beýnisi obýektiň oňa tapmaga kömek edäýjek häsiýetlerini ýadyna düşürip bilýär. Jons Hopkins uniwersitetiniň derňew geçirijileri meýletinçiler bilen barlagdan soň şeýle netijä geldiler. Bu barada Ria Nowosti Krym agentligi habar berýär.
Barlaga gatnaşyjylara predmetiň diňe bir formasyny we reňkini däl-de, gatylyk ýa-da ýumşaklyk ýaly gizlin fiziki alamatlaryny göz öňünde tutmak bilen tertipsizlikde zatlary tapmagy tabşyrdylar.
Şeýle usul bilen predmetleri tas 20% çalt tapyp bolýandygy anyklanyldy. Alymlar şeýle netijä geldiler – siziň obýekt barada bilýän zadyňyz, biziň gözleg wagtynda kabul edýän wizual informasiýalarymyz ýaly möhüm bolup biler.
“Başgaça aýdanymyzda, eger-de biz predmetiň diňe bir wizual däl-de, eýsem, fiziki alamatlary barada pikir etsek, biz beýnä predmetleri nirä goýanymyzy çalt ýada düşürmäge kömek ederis” – diýip, alymlar belleýär.
Bu gipotezany tassyklamak üçin alymlar birnäçe wizual gözleg eksperimentlerini geçirdiler, onda adamlara tertipsizligiň arasyndan gündelik ulanylýan obýektleri tapmagy tabşyrdylar. Predmetleriň bir bölegi beýlekilere garanda agyrdy.
Barlagyň netijesinde oňa gatnaşyjylaryň agyr predmetleriň ýeňillerden pesde ýerleşýändigi bilen bagly gizlin logiki zynjyry ulanandyklary belli boldy. Soňrak olardan muny nämäniň kömegi bilen bilendikleri soraldy. Köpüsi munuň öz-özünden bolandygyny tassykladylar.
Barlag geçirijiler adamyň predmeti soňky gezek elinde saklan wagtyndaky fiziki duýgularyny ýada düşürende ýitirilen zady tapmagyň aňsat bolýandygyna ynanýarlar.

düýn 18:22
8.3k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.8k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....