Dartgynlylygyň derejesini peseltmeklik çal saça öňki reňkini gaýtaryp berip biler

  • 03.06.2020 22:01
  • 5k+

Lukmanlar dartgynlylygyň (stres) derejesini peseltmegiň adamyň çalaran saçyna öňki reňkini gaýtaryp biljekdigini subut etdiler. Bu barada potokmedia.ru habar berýär.
Belli bolşy ýaly, adamyň saçy güýçli nerw aladalaryndan soň çalaryp başlaýar. Käbir adamlar çal saçy özüne çekiji hasaplaýar. Erkek adamlar onuň ýüze çykmasy bilen ylalaşýarlar, köp aýallar bolsa saçy garraýançalar reňklemegi makul bilýärler. Ýöne Kolumbiýa uniwersitetiniň alymlary bu prosesi hiç hili boýagsyz yza dolap boljakdygyny anykladylar. Ýöne diňe gürrüň stres çalarmasy barada gidende şeýle etmek bolar, ýagny güýçli tolgunma sebäpli saç öz reňkini ýitiren wagty.
Alymlaryň aýtmagyna görä, durmuşda dargynlylygyň peselmegi diňe bir prosesi saklaman, eýsem, ony yza dolamaga ukyply bolýar. Ýöne çalarmanyň öňüni alyp biljek aýratyn dermany heniz döretmek gerek.
Awtorlar çalarmanyň sebäbi organizmde beloklaryň metabolik ýolunyň üýtgemegindedir diýip çaklaýarlar. Bu ýollara güýçli stresde ýüze çykýan gormonlar täsir edýär. Diýmek, adamda dartgynlylyk näçe az bolsa, şonça-da basyş pes bolýar. Ýygnanylan maglumatlar çalarmanyň yza gaýdyp bilijiligine ynanmaga mümkinçilik berýär, ýöne entek muny ylmy we sistema taýdan subut etmek gerek
Çal saç – garramanyň iň bir belli alamatlarynyň biri. Adamlaryň köpüsinde birinji çal saç otuz we kyrk ýaş aralygynda ýüze çykyp başlaýar, şondan soň olaryň sany çalt artýar. Ýöne bu prosesiň anyk sebäbi gowşak öwrenilmeginde galýar. Meselem, gorkudan saçyň agarýandygy baradaky belli pikir ýöretmelere garamazdan, çalarma bilen dartgynlylygyň arasyndaky baglanyşyk adamlar üçin däl-de, diňe syçanlar üçin tassyklanyldy.

12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....