Diabetikler üçin smartfon arkaly işleýän implant döredildi

  • 01.06.2020 23:13
  • 2.9k+

Şweýsariýanyň Sýurih ýokary mekdebiniň taslamaçylary teňňe göwrümli implanty döretdiler. Bu barada 21mm.ru habar berýär. Implant platany dolandyryjydan we adam öýjüklerini saklaýan kapsuladan ybarat: implantyň iki bölegi hem miniatýur elektrik kabeli bilen birikdirilen. Gurluş radiosignalyň kömegi bilen herekete gelýär, şondan soň dolandyryjy plata öýjükleriň hereketi üçin elektrik toguny döretmäge başlaýar. Elektrik membranalardaky kaliý we kalsiý ýollaryny hereketlendirýär. Bu ýollar hem öz gezeginde insuliniň ýygnanma geniniň – organizmde glýukozanyň peýdalanylyşyna jogap berýän gormonyň täsirini sazlaýan biohimiki akymy işe girizýär. Ýygnanýan insulin membrana bilen birigýän we şeýlelik bilen gormonlary öýjüklerden çykarýan köpürjiklerde jemlenýär.
Şeýle implant diabetiklere peýdaly bolup biler. Bedene girizilen şeýle gurluşly adam nämedir bir zat iýende we onuň ganyndaky şekeriň derejesi ýokarlanan wagtynda, ol ykjam telefondaky programma arkaly implanty işledip bilýär. Şundan soň öýjükler syrkawyň ganyndaky şekeriň derejesini sazlamak üçin işlenilip çykarylýan insuliniň gerekli möçberini çykarýarlar. Dewaýs özbaşdak biohimiki görkezijileri alyp, awtomatik işläp hem bilýär.
Şweýsar alymlarynyň derňewi öz ugrunda elektrik signallarynyň kömegi bilen nädip genleriň işiniň gözegçilikde saklanýandygyny görkezen ilkinji iş boldy. Işiň awtorlary ony syçanlarda barlap gördüler we implanty indi adamlarda synagdan geçirip görmegi meýilleşdirýärler. Ýöne mundan öň olara implantdaky öýjükleri çalşyrmagyň maksimal netijeli usulyny işläp düzmek gerek.
“Şeýle gurluş adamlara sanly dünýä doly derejede goşulmaga mümkinçilik bererdi” – diýip, işiň awtory belleýär.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......