Türkmenistan Owganystanyň çäginde ýükleri zyýansyzlandyryjy terminallary gurup bermegi teklip etdi

  • 28.05.2020 23:00
  • 9.5k+

28-nji maýda Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň daşary işler ministrleri Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda öňküsi gün geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikden gelip çykýan daşary syýasat edaralarynyň hyzmatdaşlarynyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Sebit hem-de halkara gün tertibi boýunça pikirleri alyşmak bilen, iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň netijeli çözülmegi, aýratyn hem koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasy babatynda utgaşdyrylan çözgütleriň işlenilip düzülmeginiň zerurdygyny aýratyn bellediler.
Diplomatlar şeýle-de üznüksiz ýük gatnawlarynyň üpjün edilmegi üçin iki döwletiň serhetlerinde utgaşdyrylan sanitar-karantin çäreleriniň zerurlygyny aýratyn nygtadylar.
Türkmen tarapy telefon arkaly gepleşikleriň barşynda beýan edilen Türkmenistanyň ynsanperwer kömegi hökmünde serhetýaka demir ýol menzillerinde, gözegçilik-geçiriş nokatlarynda hem-de Owganystanyň çägindäki käbir beýleki ýerlerde – demir ýol ulaglaryny we ýüklerini zyýansyzlandyrmak üçin ýurdumyzda gurlan ýörite terminallar ýaly desgalary gurmaga, şeýle hem olary zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......