Türkmenistanyň Prezidenti Pakistandaky awiaheläkçilik zerarly ýurduň hökümetine gynanç bildirdi

  • 22.05.2020 22:45
  • 16k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwa hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Hana Karaçi şäheriniň golaýynda «Pakistan halkara howaýollary» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.
«Pakistan halkara howaýollary» awiakompaniýasynyň Airbus A320 ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy netijesinde aradan çykanlaryň sany 80 adama ýetdi. Bu barada anna güni pakistan hökümetiniň wekillerine salgylanyp, Doon gazeti gabar berdi, diýip Trend agentligi belleýär.
Ýolagçy uçary Karaçi şäherinden Lahor şäherine ugur alypdy. Onuň bortunda 91 sany ýolagçy we 7 sany ekipaž agzasy bardy. Awiaheläkçilik zerarly birnäçe ýaşaýyş jaýlaryna zyýan ýetdi, ýumrulan galyndylaryň aşagyndan 20 sany ýaşaýjy halas edildi. Heläkçiligiň ýerine halas ediş gulluklary işleýär. Deslapky maglumatlar boýunça bu heläkçiligiň sebäbi tehniki näsazlyk ýa-da guşlar bilen çaknyşyk bolup biler.

20.06.2026 14:57
6.8k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.3k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....