Türkmenistan we Ysraýyl önümleriniň özara eksportyny artdyrmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

  • 12.05.2020 18:07
  • 3.7k+

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, 11-nji maýda wideokonferensiýa görnüşinde Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýe bolup durýandygyny tassykladylar. Syýasy-diplomatik özarahereketleri ösdürmegiň, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde özarahereket etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomatlar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine jikme-jik seredip geçdiler. Türkmen we ysraýyl önümleriniň özara eksportyny artdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hakynda gürrüň etmek bilen taraplar agrar pudagyna, saglygy goraýyşa hem-de innowasiýalar ulgamynda tejribe alşylmagyna aýratyn üns berdiler.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, ysraýyl tarapyna – Ysraýylyň DIM-niň baş direktorynyň orunbasary, Ýewro-Aziýa we Balkan ýurtlary Departamentiniň müdiri, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Geri Koren ýolbaşçylyk etdiler.

şu gün 10:10
915

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň strategiýasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi...

şu gün 09:43
1k+

Brýusselde Türkmenistan — Ýewroparlament 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

5-nji martda Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropa Parlamentiniň arasynda 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda...

şu gün 07:35
5k+

Wepa Hajyýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ýanyndaky täze hemişelik wekili wezipesine Wepa Hajyýew bellenildi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda degişli Permana gol çekdi...

şu gün 07:35
6.2k+

Aksoltan Ataýewa 32 ýyldan soň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda Aksoltan Toreýewna Ataýewany Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (ştab-kwartirasy ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär) ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi...