Türkmenistan ÝUNEP bilen orta möhletli strategiýanyň işlenip taýýarlanyşyny maslahatlaşdy

  • 12.05.2020 18:05
  • 2k+

11-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasyndasanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen köptaraplaýyn iş maslahatynda BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň (ÝUNEP) 2022-2025-nji ýyllar üçin orta möhletli strategiýasyny taýýarlamak boýunça meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Maslahatyň işine BMG-niň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasynyň wekilleri, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Alžiriň, Litwanyň, Perunyň, Serbiýanyň, Gruziýanyň, Kanadanyň daşky gurşawy goramak boýunça ygtyýarly edaralarynyň we Daşary işler ministrlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar. 

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň wekilleri wekilçilik etdiler.

Öz gezeginde türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyz tarapyndan daşky gurşawyň goragy ulgamyndaky öňe sürülen başlangyçlar, hususan-da BMG-niň Aral boýunça ýörite maksatnamasynyň işlenip taýýarlanmagynyň ähmiýeti barada giňişleýin belläp geçdi.

şu gün 10:10
730

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň strategiýasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi...

şu gün 09:43
861

Brýusselde Türkmenistan — Ýewroparlament 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

5-nji martda Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropa Parlamentiniň arasynda 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda...

şu gün 07:35
4.6k+

Wepa Hajyýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ýanyndaky täze hemişelik wekili wezipesine Wepa Hajyýew bellenildi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda degişli Permana gol çekdi...

şu gün 07:35
5.6k+

Aksoltan Ataýewa 32 ýyldan soň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda Aksoltan Toreýewna Ataýewany Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (ştab-kwartirasy ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär) ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi...