D witamini bilen koronawirusyň arasyndaky baglanyşyk subut edildi

  • 12.05.2020 18:00
  • 9.6k+

Irki barlaglara esaslanmak bilen, alymlar D witaminiň pes derejesi bilen dem alyş ýollarynyň güýçli infeksiýalaryny tiz kabul edijiligiň arasynda baglanyşyk bar diýip belleýärler. Bu barada popmech.ru  habar berýär. Täze barlagyň esasynda olar D witaminiň ak gan ösüntgileriniň reaksiýasyny olara COVID-19-yň agyr görnüşi bolan syrkawlarda artykmaç bölünip çykýan sitokin diýlip atlandyrylýan molekulalary köp çykarmaga ýol bermän, sazlaýandygyny görkezdiler.

Italiýada we Ispaniýada koronawirus bilen ölmek howpunyň ýokary derejesi bellige alynýar, täze geçirilen barlaga laýyklykda, ýurtlaryň ikisinde-de Demirgazyk Ýewropanyň köp ýurduna garanda, D witaminiň ortaça derejesi pes.

Alymlar munuň bir tarapdan, Günorta Ýewropadaky adamlaryň, esasanam, gartaşan adamlaryň, güýçli Günden gaçýandyklary bilen düşündirilýändigini belleýärler. D witaminiň derejesiniň iň ýokary görkezijisi Demirgazyk Ýewropada bellige alynýar, bu balyk ýagynyň we D witaminiň goşmaça peýdalanylmagy bilen baglydyr, şeýle-de munuň bu ýurtdaky adamlaryň Günüň aşagynda gezmekden kän gaçmaýandyklary bilen bagly bolup biler.

Barlag geçirijiler D witaminiň ýiti respirator kesellerinden goraýandygyny, koronawirus bilen keselleýänleriň esasy topary hasaplanýan garry adamlaryň bolsa D witaminiň iň pes görkezijisine eýedigini belleýärler. Ozalky barlaglar keselhanalardaky we garrylar öýündäki adamlaryň 75%-inde D witaminiň ýetmezçilik edýändigini görkezdi.

Belläp geçsek, D witaminini alymlar ilkinji gezek 1922-nji ýylda rahit keselini öwrenenlerinde ýüze çykarýarlar. Soňrak hünärmenler D witaminiň Gün şöhlesiniň täsiri esasynda jemlenýändigini anykladylar.

düýn 11:31
3.3k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......