Hazar we Gara deňizleriniň ulag-üstaşyr geçelgesini döretmegiň taslamasy maslahatlaşyldy

  • 08.05.2020 12:04
  • 2.1k+

7-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Onda Hazar deňzi — Gara deňiz halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek hakynda dört taraplaýyn hökümetara ylalaşygyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapy şol taslamany durmuşa geçirmek, şeýle hem ykdysady, logistika we beýleki degişli ugurlary ara alyp maslahatlaşmak hem-de tehniki meseleleri öwrenmek üçin bilermenleriň derejesinde iş toparyny döretmek boýunça zerur çäreler barada teklipleri taýýarlady.
Daşary ýurtly bilermenler iri ulag-logistika merkezi hökmünde Hazar sebitiniň wajyp ornuny bellediler. Nygtalyşy ýaly, Hazar we Gara deňizleriniň sebitleriniň bir bitewi ulag geçelgesine birleşdirilmegi ykdysady hyzmatdaşlygy, önümçilik we energetika, söwda, maýa goýumlary ulgamlaryny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

şu gün 10:10
915

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň strategiýasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi...

şu gün 09:43
1k+

Brýusselde Türkmenistan — Ýewroparlament 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

5-nji martda Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropa Parlamentiniň arasynda 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda...

şu gün 07:35
5k+

Wepa Hajyýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ýanyndaky täze hemişelik wekili wezipesine Wepa Hajyýew bellenildi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda degişli Permana gol çekdi...

şu gün 07:35
6.2k+

Aksoltan Ataýewa 32 ýyldan soň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda Aksoltan Toreýewna Ataýewany Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (ştab-kwartirasy ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär) ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi...