Türkmenistan tebigy betbagtçylygyň Özbegistanyň ilatly ýerlerine ýetiren zyýanyny aradan aýyrmakda ýardam etmäge taýýar — Gurbanguly Berdimuhamedow

  • 07.05.2020 11:07
  • 18k+

6-njy maýda özbek tarapynyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurduň birnäçe şäherlerine we ilatly ýerlerine ägirt uly weýrançylyk getiren tebigy betbagtçylyk zerarly Özbegistanyň halkyna çuňňur duýgudaşlyk sözlerini aýdyp, türkmen tarapynyň heläkçilik çeken etraplara zerur kömegi bermäge hem-de degişli düzümleri dikeltmek üçin enjamlary, işçi güýjüni ibermäge we zerur bolan ýardam etmäge taýýardygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň degişli edaralary özbek kärdeşleri bilen gyssagly habarlaşyp, özara gatnaşyklaryň zerur ugruny ýola goýmaga, tebigy betbagtçylygyň ýetiren zyýanyny tiz wagtda aradan aýyrmak boýunça işiň ugurlaryny kesgitlemäge taýýardyr.
Häzirki döwürde dünýä ýüzünde çynlakaý synaga öwrülen täze wirus pandemiýasyna mundan beýläk-de garşy durmak wezipeleri bilelikdäki netijeli we aýgytly işleriň amala aşyrylmagyny talap edýär. Milli Liderimiz koronawirusyň ýaýramagynyň dünýä ykdysadyýetine we halkara gatnaşyklaryna ýaramaz täsir edýändigini belläp, bu howply ýokanjyň ýaýramagyna garşy göreşmek, onuň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklara ýaramaz täsirini peseltmek üçin tagallalaryň işjeňleşdirilmelidigini nygtady.
Hususan-da, gürrüň iki ýurduň serhet ýakalarynda utgaşykly öňüni alyş-karantin işleriniň amala aşyrylmagy barada barýar. Bilelikde durmuşa geçirilýän çäreler degişli öňüni alyş çäreleriniň ýokary derejesini üpjün etmäge, serhetden geçýän raýatlaryň lukmançylyk barlaglary üçin zerur şertleri döretmäge, iki döwletiň çägi boýunça hereket edýän ulaglary we ýükleri zyýansyzlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki döwürde «Farap — Alat» barlag-geçiriş bölüminde işler sazlaşykly alnyp barylýar. Türkmenistan öz tarapynda zyýansyzlandyrma boýunça terminal gurdy. Şunuň ýaly işler özbek tarapynda hem alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz özbek hyzmatdaşlary bilen mundan beýläk-de ýygjam gatnaşyklary dowam etmäge taýýardyr.

düýn 15:21
1.6k+

Raşid Meredow Azerbaýjanyň ilçisi bilen 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen çäreleri maslahatlaşdy

12-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň ilçisi Gismet Gezalow bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar...

düýn 15:18
3.7k+

Raşid Meredow Eýranyň ilçisi bilen duşuşdy

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar...

düýn 12:26
2.6k+

BMG: Global JIÖ geljek iki ýylda pandemiýadan öňki görkezijä gaýdyp gelmez

Birleşen Milletler Guramasynyň hasabatyna görä, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi 2025-nji ýyldaky 2,8%-den soň 2026-njy ýylda 2,7%-e çenli haýallar. Çaklamalara görä, 2027-nji ýylda ösüş 2,9% bolar, bu bolsa 2010 – 2019-njy ýyllar aralygyndaky ortaça 3,2% görkezijiden pesdir...

düýn 10:56
3.5k+

Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek 4600 dollardan, kümşüňki bolsa 84 dollardan geçdi

Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek bir unsiýasy üçin 4600 dollardan ýokary galdy. Duşenbe güni, 12-nji ýanwarda Nýu-Ýorkuň gazna biržasyndaky (COMEX) söwdalarda fewral aýy üçin altyn fýuçersleri 2,5% gymmatlap, iň ýokary nokadynda unsiýasy üçin 4612,70 dollara ýetdi...