Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

  • 07.05.2020 10:46
  • 4k+

6-njy maýda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Maslahatyň barşynda ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheriň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak, şeýle hem abadançylyk, ýurdumyzyň baş şäherinde arassaçylyk işlerini üpjün etmek boýunça degişli gulluklaryň sazlaşykly işini ýola goýmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Soňra welaýat häkimleri sebitlerde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, gowaça we güýzlük bugdaýa edilýän ideg, şeýle hem gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.
Mundan başga-da, welaýatlarda tomusky dynç alyş möwsümine, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri, olaryň medeni maksatnamasy barada hasabat berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, gowaçalara edilýän ideg işleri bilen bir hatarda, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, alnyp barylmalydygyny belledi. Galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek üçin ähli zerur taýýarlyk çäreleri geçirilmelidir.
Bellenilişi ýaly, mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler çagalaryň wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi bilen baglanyşykly wezipeleri öz içine almalydyr. Hususan-da, mekdepleriň ýanyndaky dynç alyş meýdançalarynda okuwçylaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy, gyzjagazlaryň el işleriniň inçe syrlaryny ele almagy, dürli daşary ýurt dillerini öwrenmegi üçin gurnaklar hereket etmelidir Şeýle hem Beýik Ýeňşiň 75 ýyllyk şanly baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidir.
Şeýle hem iş maslahatynda wise-premýer E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň pagtaçy kärendeçileriniň gowaça ekişini doly tamamlandyklary barada hoş habary ýetirdi. Şeýle hem wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň depginleri, olaryň ýokary hilini üpjün etmek we bellenilen möhletlerde geçirmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi.

düýn 15:21
1.6k+

Raşid Meredow Azerbaýjanyň ilçisi bilen 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen çäreleri maslahatlaşdy

12-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň ilçisi Gismet Gezalow bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar...

düýn 15:18
3.7k+

Raşid Meredow Eýranyň ilçisi bilen duşuşdy

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar...

düýn 12:26
2.6k+

BMG: Global JIÖ geljek iki ýylda pandemiýadan öňki görkezijä gaýdyp gelmez

Birleşen Milletler Guramasynyň hasabatyna görä, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi 2025-nji ýyldaky 2,8%-den soň 2026-njy ýylda 2,7%-e çenli haýallar. Çaklamalara görä, 2027-nji ýylda ösüş 2,9% bolar, bu bolsa 2010 – 2019-njy ýyllar aralygyndaky ortaça 3,2% görkezijiden pesdir...

düýn 10:56
3.5k+

Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek 4600 dollardan, kümşüňki bolsa 84 dollardan geçdi

Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek bir unsiýasy üçin 4600 dollardan ýokary galdy. Duşenbe güni, 12-nji ýanwarda Nýu-Ýorkuň gazna biržasyndaky (COMEX) söwdalarda fewral aýy üçin altyn fýuçersleri 2,5% gymmatlap, iň ýokary nokadynda unsiýasy üçin 4612,70 dollara ýetdi...