Okuwçylary, talyplary we harby gullukçylary lukmançylyk gözegçiliginden geçirmek işi dowam edýär

  • 06.05.2020 12:47
  • 10k+

Türkmenistanda ilatyň ähli toparlarynyň saglyk ýagdaýyna baha bermek üçin öňüni alyş lukmançylyk barlaglaryny we goşmaça barlag usullaryny öz içine alýan çäreler toplumy durmuşa geçirilýär.
Birinji tapgyrda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we harby gullukçylar lukmançylyk gözegçiliginden geçirilmäge girişildi. Häzir bu işler dowam edýär. Ikinji tapgyrda şeýle barlaglary guramalarda we edaralarda işleýänleriň arasynda, üçünji tapgyrda bolsa, uly ýaşly adamlaryň arasynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Öňüni alyş barlaglaryny pediatrlar, terapewtler, stomatologlar, oftalmologlar, gulak-burun-bokurdak we beýleki degişli ugurlaryň hünärmenleri geçirýärler. Saglyk ýagdaýlary ýaramazlaşmagy ýüze çykarylanda aýry-aýry raýatlar lukmanlaryň dispanser gözegçiligine alynýar hem-de goşmaça barlaglardan geçirilýär, zerur bolsa olara gatnaw we ýatymlaýyn bejergiler berilýär.

düýn 23:49
321

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....